Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary halkara derejesindäki maslahatlara, forumlara, iş duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşýarlar. Bu bolsa olaryň hünär derejeleriniň ýokarlanmagyna, tejribeleriniň artmagyna özüniň oňyn täsirlerini ýetirýär.
Ýakynda, 7 — 11-nji oktýabry aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýän Bütindünýä Söwda Guramasynyň edara binasynda okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, Merkezi bankyň wekillerinden ybarat bolan topar gatnaşdy. Bu okuw maslahatynyň esasy ugry «Bazara girmek boýunça gepleşikleri geçirmegiň düzgünleri we ugurlary» diýlip atlandyryldy.