PARLAMENTARA GATNAŞYKLARY ILERLEDIP

21 Oktýabr 2024
306

Türkmenistan, ilkinji nobatda, goňşy döwletler, şeýle hem beýleki ýurtlar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Bu gatnaşyklary parlament hyzmatdaşlygy arkaly goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2024-nji ýyl üçin halkara çäreleriniň meýilnamasy tassyklanylyp, ol üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň goldawlary bilen Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna laýyklykda alnyp barylýar. Ol dostlukly ýurtlaryň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlament guramalarynyň we assambleýalarynyň işine gatnaşmak, parlamentara dostluk toparlaryny döretmek, ýaş parlamentarileriň hyzmatdaşlygyny goldamak, zenan deputatlaryň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri guramak arkaly amala aşyrylýar.

Biziň sebitimiziň döwletleri bilen dünýäniň ösen ykdysadyýetli ýurtlarynyň arasynda «Merkezi Aziýa + ...» görnüşinde dialogy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirilýär. Şunda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy hem möhüm syýasy gural hökmünde ykrar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylda Koreýa Respublikasynda öňe süren başlangyjyndan kemal tapan we ilkinji gezek 2023-nji ýylda Seul şäherinde guralan bu duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň gatnaşmagy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy berkitmegň ýolunda täze ädim boldy.

Maksat KULYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy.