HABARLAR

«Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak me­de­ni­ýe­ti­ni ber­kit­mek umu­my wezipämizdir»

diýip, wekilçilikli maslahata gatnaşyjylar biragyzdan nygtadylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— «Parahatçylyk we ynanyşmak» şygary biziň ozal yglan eden «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygarymyzyň pikir dowamy diýilse, has dogry bolar. Çünki ynam gowşak bolsa, gatnaşyklaryň doly mazmunda dowam etmejekdigi düşnükli. Biziň Bitaraplygymyz ynama esaslanýan dostluga, dostluk arkaly ösüşe, ösüş arkaly parahatçylyga ýol açýar.

Gurluşykçy telekeçileriň hoşallygy

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara binasynda «Arkadagly ýurduň gurluşykçy telekeçileri» ady bilen hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň ýakynda paýtagtymyza amala aşyran iş saparlaryna bagyşlandy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşlygynyň barşynda ýurdumyzyň hususy pudagynyň öňünde birnäçe wezipeleriň durandygyny aýratyn nygtady. Hoşallyk maslahatynda çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmäge we yzygiderli goldamaga degişli anyk işler durmuşa geçirilýär. Şoňa görä, milli Liderimiziň ýurdumyzyň hususy pudagynyň öňünde goýýan wezipelerine mynasyp jogap edip, häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleri ýokary hilli we döwrebap derejede ýerine ýetirmek möhüm talapdyr.

Bedew bady bilen beýik ösüşlere tarap

Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerine buýsanýan türkmen halkymyzyň her bir güni şanly wakalara, zähmet ýeňişlerine beslenýär. Her bir gün Berkarar döwletimizi, bagtyýar halkymyzy täze ösüşlere atarýar. Özi-de, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda eýelenýän sepgitleriň mysalynda biz şu buýsançly hakykata şaýat bolýarys. Gazanylan üstünlikler eziz Watanymyzyň ösüş-özgerişleriň, bagtyýar milletiň ýurdudygyna güwä geçip, has-da netijeli işlemäge ruhlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylymlara daýanýan beýik tutumlaryny özünde jemleýän giň möçberli maksatnamalary netijesinde ýurdumyzda höküm sürýän asudalyk dünýä jemgyýetçiligi bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegine badalga bolýar. Türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgesini rowaçlandyrýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýöredilýän öňdengörüjilikli, hoşniýetli syýasat netijesinde dünýäniň ençeme döwletleri bilen köpugurly hem-de giň möçberli hyzmatdaşlyklaryň gerimi barha giňelýär.

Üns beriň, bäsleşik!

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bilim işgärleriniň makalalaryny, hekaýalaryny we goşgularyny çap etmegi nazarda tutup, «ARKADAGYŇ PAÝHASYNDAN GÜLLEÝÄR GARAŞSYZ DIÝAR, PARAHATÇYLYK, YNANYŞMAK BU GÜN DÜNÝÄDE YKRAR» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýärler. Bäsleşigiň düzgünnamasy

Ynam üstünligiň hem parahatçylygyň açary

Ynsan üçin öz doglup-dörän, önüp-ösen ýeri bolan Watany hemişe ähli zatdan gözüne yssy görünýär. Adama mahsus bu tebigylyk onuň dünýä gelip, gözüniň açyp, ilki gören zadyndan, gurşawyndan başlanýar. Megerem, il içinde «Dogduk obam, eziz mekanym, ata Watanym» diýen jümleleriň has ýörgünli bolmagy hem şonuň üçin bolsa gerek. Watana bolan söýgi ähli söýgülerden beýik. Çünki nirede bolsaňam Watanyň yssy mähri seni hemişe özüne çekip durandyr. Watanyň goýnunda hemişe özüňi bagtly duýýarsyň. Uzak ülkelere saparlara gideniňde hem Watan küýsegi ýüregiň töründedir.

Şöhrata beslenjek ýyl

2021-nji, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny uly ruhubelentlikde garşylan ildeşlerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň belleniljek ýylyna gadam basdylar. Täze ýylyň şygary hem ýurdumyzyň dünýäde ykrar edilen parahatçylyk syýasatyny alyp barýandygyny ýene bir ýola görkezýär. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň esasy maksady ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, olary jemgyýete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek bolup durýar. “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleri ýaş nesillerimiziň döwletiň we jemgyýetiň doly hukukly agzasy hökmünde ähli ugurlarda amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşmagy üçin oňaýly şertleri döretmäge, ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny, döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işje

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna resmi taýdan badalga berildi

BMG-niň we halkara guramalaryň wekilleri dünýä ähmiýetli möhüm wakany mübäreklediler AŞGABAT, 29-njy ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Röwşen geljege rowaç gadamlar

28-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministri gatnaşdylar. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy baradaky meselelere garaldy.

Şanly toýumyzyň mertebesi

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bütin dünýäde ösen döwletleriň hatarynda tanalýar. Ine, şeýle kuwwatly Watanymyzda şöhratly türkmen halky erkana, agzybir, abadan we parahat durmuşda ýaşaýar, döredijilikli zähmet çekýär. Bularyň ählisi ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlap gelen mukaddes gymmatlygymyzdan — döwlet Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny uludan toýlar. Garaşsyzlyk ýyllarynda giň gerimli özgertmeleriň we taryhy ähmiýetli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýän ýurduna öwrülen Türkmenistan häzirki wagtda ähli ugurlarda bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan işlerden ruhlanýan halkymyz bolsa ýokary zähmet üstünlikleri bilen bu şanly baýramçylyga taýýarlyk görýär.

Ösüşli menzilleriň şuglasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz täze sepgitlere tarap ynamly öňe barýar. Bu ynam Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň rowaçlanýandygy bilen has-da berkeýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň umumadamzat bähbidini nazarlaýan hoşniýetli, ynsanperwer, ylalaşykly işleri bu günki gün tutuş dünýä halklaryny bir-birine ýakynlaşdyrýar hem-de halkara jemgyýetçiliginde döwletimiziň ornuny pugtalandyrýar. Ýurdumyz ykdysadyýetde, senagatda, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýokary ösüş depginini gazandy. Bu bolsa Watanymyzyň kuwwatlanmagyny şertlendirdi hem-de dünýä döwletleri bilen giň esasda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barmaga, öz mümkinçiliklerini ýaýmaga uly şertleri döretdi. Döwletimiziň şeýle ösüş depgini halkymyzyň bagtyýar hem eşretli durmuşynyň, abadan ýaşaýşynyň gazanylmagyny üpjün etdi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Meniň ähli aladam halkyma hyzmat etmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, men öz halkymyň öňündäki borjumy raýatlarymyzyň abadan we parahat durmuşyna ynamly bolmagy üçin ähli şertleri döretmekde, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny pugtalandyrmakda, mähriban Watanymyzy gülledip ösdürmekde görýärin» diýen ganatly sözleri bagtyýarlyk dö