Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, medeni-durmuş ulgamynyň islendik ugruny alsaň hem, soňky ýyllarda uly ösüşleriň bolup geçendigini görmek bolýar. Geçen döwürde amala aşyrylan işleri seljereniňde bolsa, ösüşleriň her tapgyrynyň şol wagtyň talaplaryna laýyk gelýändiginiň şaýady bolýarsyň. Olaryň täze tapgyry bolsa ähli ugurlaryň sanly ulgama geçmegi bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz degişli ministrlikleriň, pudaklaryň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň öňünde sanly ykdysadyýete geçmek wezipesini goýdy. Sebäbi bu diňe bir döwrüň talaby bolmak bilen çäklenmän, häzirkizaman dünýäsine giň ýol açýandygy bilen hem ähmiýetlidir. Şonuň üçin hem diňe ykdysady pudaklary däl-de, döwlet we ýerli edaralaryň hyzmatlaryny, saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryny hem elektron görnüşe geçirmek boýunça maksada laýyk işler alnyp barylýar.
Biz hem partiýanyň ilkinji guramalarynda şu mesele boýunça öňde goýlan wezipeleri düşündirmek işlerini alyp barýarys. Eýýäm «Sanly ykdysadyýet — kämil hyzmatlar», «Sanly ulgam kämilleşýär», «Sanly ykdysadyýet durmuşa ornaşdyrylýar» ýaly mowzuklarda maslahatlaryň, söhbetdeşlikleriň giň toplumyny geçirdik. Olarda «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Maksatnamasynda» görkezilen wezipeler, olaryň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň umumy ösüşi üçin ähmiýeti barada giňişleýin gürrüňler edildi.