Bedew bady bilen beýik ösüşlere tarap

31 Ýanwar 2021
1739

Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerine buýsanýan türkmen halkymyzyň her bir güni şanly wakalara, zähmet ýeňişlerine beslenýär. Her bir gün Berkarar döwletimizi, bagtyýar halkymyzy täze ösüşlere atarýar. Özi-de, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda eýelenýän sepgitleriň mysalynda biz şu buýsançly hakykata şaýat bolýarys. Gazanylan üstünlikler eziz Watanymyzyň ösüş-özgerişleriň, bagtyýar milletiň ýurdudygyna güwä geçip, has-da netijeli işlemäge ruhlandyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylymlara daýanýan beýik tutumlaryny özünde jemleýän giň möçberli maksatnamalary netijesinde ýurdumyzda höküm sürýän asudalyk dünýä jemgyýetçiligi bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegine badalga bolýar. Türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgesini rowaçlandyrýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýöredilýän öňdengörüjilikli, hoşniýetli syýasat netijesinde dünýäniň ençeme döwletleri bilen köpugurly hem-de giň möçberli hyzmatdaşlyklaryň gerimi barha giňelýär.

Aýgül IŞANGULYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.