Ýaşlaryň halkymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda döredilen milli ruhy gymmatlyklaryň, ynsanperwer ýörelgeleriň esasynda terbiýelenmegi, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine buýsanýan, il-güne wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ýurdumyzda ýaş raýatlar aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar.
Döwlet Baştutanymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda ýaşlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamy döredildi. Şoňa laýyklykda, ýaş maşgalalary goldamak, ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň döwrebap bilim almagy, dynç alşy üçin ähli zerur şertler döredildi. 2013-nji ýylda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem-de soňky ýyllarda ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy bu ugurda durmuşa geçirilen möhüm ädimlerdir. «Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýaş türkmenistanlylaryň döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmelere hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekde, şeýle hem olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk şertlerini döretmekde uly ähmiýete eýe boldy.