Ösüşli menzilleriň şuglasy

29 Ýanwar 2021
1654

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz täze sepgitlere tarap ynamly öňe barýar. Bu ynam Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň rowaçlanýandygy bilen has-da berkeýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň umumadamzat bähbidini nazarlaýan hoşniýetli, ynsanperwer, ylalaşykly işleri bu günki gün tutuş dünýä halklaryny bir-birine ýakynlaşdyrýar hem-de halkara jemgyýetçiliginde döwletimiziň ornuny pugtalandyrýar.

Ýurdumyz ykdysadyýetde, senagatda, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýokary ösüş depginini gazandy. Bu bolsa Watanymyzyň kuwwatlanmagyny şertlendirdi hem-de dünýä döwletleri bilen giň esasda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barmaga, öz mümkinçiliklerini ýaýmaga uly şertleri döretdi. Döwletimiziň şeýle ösüş depgini halkymyzyň bagtyýar hem eşretli durmuşynyň, abadan ýaşaýşynyň gazanylmagyny üpjün etdi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Meniň ähli aladam halkyma hyzmat etmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, men öz halkymyň öňündäki borjumy raýatlarymyzyň abadan we parahat durmuşyna ynamly bolmagy üçin ähli şertleri döretmekde, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny pugtalandyrmakda, mähriban Watanymyzy gülledip ösdürmekde görýärin» diýen ganatly sözleri bagtyýarlyk döwrümiziň süňňüni düzýän beýik işlerde has aýdyň görünýär.

Bereket GURBANBAÝEW,
welaýat kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini guramak we gözegçilik etmek boýunça bölüminiň hünärmeni.