Watan goragy – mukaddes borç
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, harby we hukuk goraýjy edaralarynda, şeýle-de orta mekdepleriň ýokary synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklary, aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Şeýle çäreleriň biri hem Babadaýhan etrabynyň 17-nji orta mekdebinde bilim alýan ýokary synp okuwçy oglanlaryň arasynda «Watan goragy — mukaddes borç» atly şygar astynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygydyr. Bu wagyz-nesihat duşuşygyna TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap harby wekilliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Uly ruhubelentlige beslenen wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler ýaşlarymyzyň watançylyk ruhunda terbiýelenmeklerini gazanmak maksady bilen, Watan goragynyň mukaddesligi, türkmen halkynyň geçmişde ençeme beýik-beýik döwletleri döredip, dünýä ýüzüne ýaň salan halkdygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda binýat edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi, ýagty ertirlerimiziň daýanjy bolan ýaş nesillerimizi ahlak, watançylyk, ynsanperwerli