Watan goragy – mukaddes borç

27 Ýanwar 2021
1895

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, harby we hukuk goraýjy edaralarynda, şeýle-de orta mekdepleriň ýokary synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklary, aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Şeýle çäreleriň biri hem Babadaýhan etrabynyň 17-nji orta mekdebinde bilim alýan ýokary synp okuwçy oglanlaryň arasynda «Watan goragy — mukaddes borç» atly şygar astynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygydyr.

Bu wagyz-nesihat duşuşygyna TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap harby wekilliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Uly ruhubelentlige beslenen wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler ýaşlarymyzyň watançylyk ruhunda terbiýelenmeklerini gazanmak maksady bilen, Watan goragynyň mukaddesligi, türkmen halkynyň geçmişde ençeme beýik-beýik döwletleri döredip, dünýä ýüzüne ýaň salan halkdygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda binýat edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi, ýagty ertirlerimiziň daýanjy bolan ýaş nesillerimizi ahlak, watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge aýratyn uly üns berilýändigi, bu babatda mähriban Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynyň ýaşlarymyz üçin görelde mekdebi bolup durýandygy aýratyn bellenildi. Duşuşykda aýratyn buýsandyryjy çykyşlaryň biri hem hormatly Prezidentimiziň kabul eden Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi dogrusynda edilen çykyşlar bolup, onda döwletimizde ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertlerde ylym-bilim almaklary, netijeli zähmet çekmekleri ugrunda göz öňünde tutulan meýilnamalar barada ýaşlara giňişleýin gürrüň berildi.

Baýramdurdy AMANMYRADOW,
TMÝG-niň Babadaýhan etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.