Şanly seneleriň şanyna

25 Ýanwar 2021
1612

Häzirki wagtda mähriban Diýarymyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamaga giňden taýýarlyk görülýär. Bu ajaýyp sene mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralaryny we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Bular barada Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde hem giňişleýin gürrüň edildi.

Hususan-da, mejlisde eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde şanly senä bagyşlanan dürli bäsleşikler yglan edilýär. Döredijilik bäsleşikleriniň birnäçesi gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalary tarapyndan yglan edildi. Bu ugurdaky işler dowam etdiriler.

«Aşgabat».