Watanymyzyň asudalygy — jemgyýetimiziň bitewüliginiň esasy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda taryh üçin örän gysga döwrüň dowamynda dünýä derejeli ösüş gazandy. Ýurduň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny gyşarnyksyz durmuşa geçirmek bilen, özgertmeleriň täzeçil menzillerinde ata Watanymyzyň belent hem ygtybarly ösüşini berkidip, dünýä giňişliginde mynasyp orun tapmagyny gazanyp beren Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň ählisi bu günki gün nusgalyk häsiýete eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýen baş maksady ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň abadançylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen tutumly işlerden gözbaş alýar. Ol «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatyň esasynda durmuşa geçirilýär. Şeýle belent wezipeleriň amal edilmeginde Watan goragçylarynyň orny aýratyn ähmiýete eýedir.