Şu ýyl biz hemişelik Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda milli Liderimiziň töweregine has-da jebisleşip, giňden we dabaraly ýagdaýda belläris.
Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk güni mähriban halkymyz üçin aýratyn taryhy senedir. Bu senede berkarar Watanymyzyň şöhratly taryhy, üstünliklere beslenen häzirki güni hem-de beýik geljegi şöhlelenýär. Çünki şol gün halkymyzyň asyrlaryň dowamynda köňlünde besläp gelen erkin, özygtyýarly, Garaşsyz döwlet gurmak baradaky arzuw-maksatlary hasyl boldy.