HABARLAR

Watan goragy – mukaddes borç

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, harby we hukuk goraýjy edaralarynda, şeýle-de orta mekdepleriň ýokary synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklary, aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Şeýle çäreleriň biri hem Babadaýhan etrabynyň 17-nji orta mekdebinde bilim alýan ýokary synp okuwçy oglanlaryň arasynda «Watan goragy — mukaddes borç» atly şygar astynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygydyr. Bu wagyz-nesihat duşuşygyna TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap harby wekilliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Uly ruhubelentlige beslenen wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler ýaşlarymyzyň watançylyk ruhunda terbiýelenmeklerini gazanmak maksady bilen, Watan goragynyň mukaddesligi, türkmen halkynyň geçmişde ençeme beýik-beýik döwletleri döredip, dünýä ýüzüne ýaň salan halkdygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda binýat edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi, ýagty ertirlerimiziň daýanjy bolan ýaş nesillerimizi ahlak, watançylyk, ynsanperwerli

Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy mähriban halkymyzyň eziz Diýarymyza bolan buýsanjyna buýsanç goşdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy belleniljek ýylda ýurdumyz döretmegiň we gurmagyň ýoly bilen öňe gidip, bedew batly ösüşleriň has-da belent sepgitlerine eýe bolar. Özygtyýarlylyk, erkinlik, asudalyk, parahatçylyk ýaly jümleleriň ählisi hem «Garaşsyzlyk» diýen nurana sözden gözbaş alýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy hem hut şol ýörelgelerden binýat bolandyr. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyna merdana ata-babalarymyzyň abadan, parahat durmuşda ýaşamak baradaky arzuw-islegleri siňendir. Arzuwlar belent maksatlara öwrülende beýik işler amala aşýar hem-de dünýäni haýrana goýýar.

Milli demokratiýanyň täze ýalkymy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan mukaddes ýörelgeleri netijesinde parahatçylyksöýüjilikli, döredijilikli ösüşler bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz her bir raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirip, jemgyýetiň asudalygyny hem-de agzybirligini üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň we hukuk döwletiniň esaslaryny berkarar etmäge gönükdirilen demokratik ýoly saýlap aldy. Geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy mejlise gatnaşyjylara hödürlenildi. Bu hukuk resminamasy Halk Maslahatynyň karary bilen biragyzdan makullanyldy we Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň iki palataly Parlament ulgamyna geçmek bilen bagly başlangyjy syýasy-hukuk özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyryp, ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik ulgamynyň öňünde jogapkärli wezipeleri goýdy. Şunuň bilen baglylykda «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda», şeýle hem «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkm

Döwletliligiň egsilmez güýji

Şu ýyl biz hemişelik Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda milli Liderimiziň töweregine has-da jebisleşip, giňden we dabaraly ýagdaýda belläris. Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk güni mähriban halkymyz üçin aýratyn taryhy senedir. Bu senede berkarar Watanymyzyň şöhratly taryhy, üstünliklere beslenen häzirki güni hem-de beýik geljegi şöhlelenýär. Çünki şol gün halkymyzyň asyrlaryň dowamynda köňlünde besläp gelen erkin, özygtyýarly, Garaşsyz döwlet gurmak baradaky arzuw-maksatlary hasyl boldy.

Watansöýüjiligiň nusga alarlyk göreldesi

Ähli döwürlerde-de Watan goragy mukaddes we jogapkärli borç hasap edilipdir. Türkmen halkynyň taryhyny açyp görkezýän çeşmeler ene topragy duşmanlardan goramak, ilatyň parahat we asuda durmuşyny üpjün etmek üçin gerçekleriň janyny aýamandyklaryna şaýatlyk edýär. Halk gahrymanlaryny hiç wagt ýatdan çykarmaýar. Olaryň atlary ebedileşdirilýär, bitiren hyzmatlary adamlaryň ýadynda müdimi ýaşaýar, görkezen gaýduwsyzlyklary bu günki Watan goragçylary üçin görelde bolup hyzmat edýär. Ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepaly ýaşlar bu gün ýurdumyzyň goragynda berk durýarlar. Hormatly Prezidentimiz olaryň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda hemişe aladalanýar. Milli goşunyň maddy-tehniki üpjünçiliginiň yzygiderli gowulandyrylmagy, Watan goragçylary üçin ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Hut ýakynda hem Kerki serhet birikmesinde serhet galasynyň täze binasy we serhetçiler üçin ýaşaýyş jaý toplumy ulanylmaga tabşyryldy.

Saglygyň sakasy — arassaçylyk

TMÝG-niň Balkanabat şäher geňeşiniň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Saglygyň sakasy — arassaçylyk» ady bilen wagyz-ündew duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ynsan saglygy ähli zatdan ileri tutulýan ýurdumyzda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň hem-de dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen alnyp barylýan göreş çäreleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Ilatyň, şol sanda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň döwletimizde ynsan saglygynyň ileri tutulýandygyna doly şaýatlyk edýändigini çykyş edenler buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de, çykyşlarda dogry iýmitlenmegiň, arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmegiň we bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmegiň saglygyň girewidigi nygtaldy. Jemgyýetçilik ýerlerinde iki metr howpsuz araçägi saklamak, agyz-burun örtüklerini dakynmak, elleri ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmak, düzüminde ýokumly maddalar bolan gök-miwe önümlerini köpräk iýmek talyplara maslahat berildi.

Ýörelgämiz — dost-doganlyk

Hormatly Prezidentimiziň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan etmek baradaky Kararnamasynyň kabul edilmegi biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir. Häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk, bularyň ählisi, Bitarap döwletiň Baştutany hökmünde çykyş edýän türkmen Lideriniň öňe sürýän taglymatlarynda öz beýanyny tapýar.

Parahatçylygyň röwşen ýoly

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýyllarymyz biri-birinden zyýada gelýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem turuwbaşdan ata Watanymyzyň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşýan taryhy wakalara beslenýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy hökmünde, goňşy Owganystan döwletiniň Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky demir ýoluň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijiniň, şeýle-de Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegi türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalar boldy. Azerbaýjan Respublikasy bilen Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek hem-de özleşdirmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi bolsa türkmen-azerbaýjan dostluk-doganlygynyň, hyzmatdaşlygynyň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň häzirki zaman şertlerinde barha rowaçlanýandygynyň aýdyň görkezijisi boldy.

Başlaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Aýdyma aýlanan şäher

Şu günler Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparlaryny amala aşyryp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli gurlup, ulanmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşýar. Döwrümiziň döredijilik hem gurujylyk kuwwatyny açyp görkezýän ol desgalar baş şäherimiziň binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşýar. Hormatly Prezidentimiziň 25-nji ýanwardaky paýtagtymyza iş sapary wagtynda Aşgabat baradaky aýdymlardan söz açmagy ýüreklere ýakym, söýgi, buýsanç bolup siňdi. Munuň gözbaşynda milli Liderimiziň aýdym ýaly ýüregi, paýtagt şäherimize egsilmez söýgüsiniň üsti bilen, ähli halkymyza, Watanymyza Ogullyk söýgüsi durandyr. Söýgi, yhlas siňdirilip gurulýandygy üçin Aşgabat sungat şäherine öwrülýär, gözellige beslenýär. Diňe söýgi gatylansoň, ol hakdaky aýdymlar ganat açyp, ýüreklere ýetýär.