HABARLAR

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

20-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň ýetip gelýändigini belledi we hemmeleri şanly sene — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Resmi habarlar

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. ***

Ata Watan şan-şöhratly siziň bilen, Arkadag!

15. 2021-nji ýyl: parahatçylyk we rowaçlyk ýoly bilen Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan döwrüň beýik binagäri hökmünde ykrar edilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasy bedew batly beýik ösüşleriň, belent özgertmeleriň aýdyň dabaralanmasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzy toplumlaýyn ösdürmek, töwerekleýin abadanlaşdyrmak işlerine badalga bermegi bilen ak şäherimiz Aşgabat görlüp-eşidilmedik derejede özgerip, dünýäniň iň ajaýyp şäherleriniň hataryna egin deňledi.

Türkmenistan — BMG: ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 22-nji sentýabr(TDH). Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki «Ählumumy pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly Maksatnama gol çekmek dabarasy boldy. BMG tarapyndan resminama BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gol çekdi.

Baýramçylyk çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylan bu mejlisde birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem garaldy. Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň ýetip gelýändigini bellemek bilen, hemmeleri bu şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 20-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň ýetip gelýändigini belledi.

Hyzmatdaşlyk täze derejä göterilýär

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Hormatly Prezidentimiziň uçary Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynyň Halkara howa menziline gelip gonýar. Bu ýerde baýdak sütünlerinde ŞHG-niň sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki ÇYKYŞY

(2021-nji ýylyň 17-nji sentýabry, Duşenbe şäheri) Hormatly jenap Başlyk!Hormatly wekiliýetleriň Baştutanlary we agzalary!

Dostlukly duşuşyk

17-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, sebitleýin görnüşde hem üstünlikli ösdürilýän türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Soňra hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, Täjigistanyň Baştutanyny hem-de ähli doganlyk halkyny ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlap, abadançylyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi. Täjigistanyň Prezidenti hem, öz nobatynda, dostlukly ýurduň Liderini we ähli türkmenistanlylary öňde boljak döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi bilen mähirli gutlady.

Türkmenistan ŞHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynda iş saparynda boldy. Hormatly Prezidentimiziň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine çagyrylmagy hem-de ŞHG-niň ozalky sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy ata Watanymyzyň halkara abraýynyň uludygyna, milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynyň giňden ykrar edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.