Türkmenistan ŞHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

20 Sentýabr 2021
739

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynda iş saparynda boldy.

Hormatly Prezidentimiziň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine çagyrylmagy hem-de ŞHG-niň ozalky sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy ata Watanymyzyň halkara abraýynyň uludygyna, milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynyň giňden ykrar edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

«Watan».
Beýleki habarlar