Dostlukly gatnaşyklar dowamat

20 Sentýabr 2021
779

Geçen hepdäniň anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolup, hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.

Ata Watanymyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanan daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Biziň ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýelemek bilen, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, umumy abadançylygyň bähbidine kybap gelýän netijeli, köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine mynasyp goşandyny goşýar.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar