Baýramçylyk çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler

21 Sentýabr 2021
882

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylan bu mejlisde birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem garaldy. Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň ýetip gelýändigini bellemek bilen, hemmeleri bu şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar