HABARLAR

Ajaýyp zähmet üstünligi

11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň daýhanlarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilen ýylynda pagtaçy kärendeçileriň, mehanizatorlaryň bilelikdäki tagallasy esasynda, «ak altynyň» 1 million 250 müň tonnadan gowragy Watan harmanyna tabşyryldy. Şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren daýhanlar ýetişdirilen hasylyň hemmesini ýygnap almak maksady bilen, netijeli zähmet çekýärler.

Ýurdumyzyň rowaçlygy — döwlet syýasatynyň baş maksady

11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň agzalarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň pagtaçylarynyň «ak altyn» tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzy gazanylan üstünlik bilen gutlady. Şeýle hem wise-premýer Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Taýsyz tagallalaryň aýdyň nyşany

10-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligini döretmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ol ýerlerde gulluk itlerini saklamak üçin niýetlenen binanyň, şeýle hem bu düzümlere degişli athananyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz dag eteklerindäki ajaýyp künjekleriň birinde saklanyp, ýoluny ahalteke bedewinde dowam etdi.

“Ak altyn” ussatlarynyň zähmet ýeňşi

11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň daýhanlarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi. Her welaýatdan pagtaçylaryň zähmet ýeňşi mynasybetli çagalar öz ýanlary bilen oba zähmetkeşleriniň ýeňşini alamatlandyrýan horjun doly ak pagtany alyp geldiler. Welaýatlaryň ýaşajyk wekilleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan ägirt uly üstünlikleri wasp edýän goşgulary aýtdylar.

Sanly ulgam arkaly maslahat

11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň agzalarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň pagtaçylarynyň “ak altyn” tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzy gazanylan üstünlik bilen gutlady. Şeýle hem wise-premýer Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet derejesindäki wezipe

10-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligini döretmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ol ýerlerde gulluk itlerini saklamak üçin niýetlenen binanyň, şeýle hem bu düzümlere degişli athananyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz dag eteklerindäki ajaýyp künjekleriň birinde saklanyp, ýoluny ahalteke bedewinde dowam etdi.

Türk­me­nis­tan-Awst­ri­ýa: döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­di­ril­ýär

Türkmenistanyň Prezidenti pagtaçylaryň zähmet ýeňşi hakyndaky hasabatlary kabul etdi

Aşgabat, 11-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň daýhanlarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilen ýylynda pagtaçy kärendeçileriň, mehanizatorlaryň bilelikdäki tagallasy esasynda “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnadan gowragy Watan harmanyna tabşyryldy. Şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren daýhanlar ýetişdirilen hasylyň hemmesini ýygnap almak maksady bilen, netijeli zähmet çekýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi

Aşgabat, 11-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň agzalarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň pagtaçylarynyň “ak altyn” tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzy gazanylan üstünlik bilen gutlady. Şeýle hem wise-premýer Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Meýilleşdirilen çäreleriň dowamynda has tapawutlanan kärendeçilere döwlet sylaglary, obasenagat toplumynyň işgärlerine, bugdaýdan, pagtadan we beýleki ekinlerden bol hasyl ösdürip ýetişdirýän kärendeçilere, mehanizatorlara, pudagyň tejribeli daýhanlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşurylar we baýramçylyk konserti bolar. 14-nji noýabrda Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ýeten derejesine bagyşlanan sergini we ylmy-amaly maslahat

Arkadagymyzyň ýörelgesi — döretmek, gurmak

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde ykbal ýyldyzynyň halkymyza gurmagy, döretmegi, barha gülledip ösdürmegi, halklaryň arasynda agzybirligi jebisleşdirmegi, parahatçylygy gorap saklamagy, ynsan mertebesini hemme barlykdan zyýat tutmagy ruhy ýörelge edinmegi owalbaşda bagyş edendigini nygtaýar. Şu taryhy ýörelgä muwapyk bolmak bilen halkymyz bäş müň ýyllyk menzili nurlandyrmagy başardy. Türkmeniň gurmak, döretmek taglymatynyň bagtyýarlyk döwründäki ösüşleriniň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiz  10-njy noýabrda harby we hukuk goraýjy edaralara degişli täze desgalaryň gurluşygynyň barşy hem-de taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle-de hormatly Belent Serkerdebaşymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligini döretmek boýunça ozal berlen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ol ýerlerde gulluk itlerini saklamak üçin niýetlenen binanyň, şeýle hem bu düzümlere degişli athananyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Dag eteklerindäki ajaýyp künjekleriň birinde saklanyp, ýoluny ahalteke bedewinde dowam etdi.