HABARLAR

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň täze desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy

22-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Aşgabatda guruljak dürli maksatly täze binalaryň we desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Taslamalar bilen tanyşmak üçin döwlet Baştutanymyz Ruhyýet köşgüne geldi.

Energetika syýasaty: Garagumuň şanly geljegi

2021-nji ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz birnäçe wajyp resminamalar bilen birlikde «Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda köpugurly elektrik stansiýasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda» Karara gol çekdi. Milli Liderimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň aýratyn ugurlarynyň biri dünýäniň öňdebaryjy ylmy-tehnologik gazananlaryny ýurdumyzyň ösüşlerinde giňden özleşdirmek bolup durýar. Dünýäde bolsa energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek barada anyk işler durmuşa barha giňden ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary esasynda uzak Garagumda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenarynda gurulýan täze obany we bu ýerde ýaýbaňlandyryljak önümçilik düzümlerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge niýetlenen, Gün we ýel elektrik stansiýasy hem ýurdumyzyň dünýäniň tehnologik ösüşlerine giňden goşulyşýandygynyň ýene bir mysalydyr. Gaýtadan dikeldilýän energiýa babatda ýurdumyzda zerur işler alnyp barylýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolsa 2021-nji ýylyň mart aýynda kabul edildi. O

Parahatçylygy döretmegiň sungaty

Her bir öýden eşidilýän hüwdiniň sadaja setirleriniň goýazy manysynyň bardygy hakynda oýlanyp gördüňizmi?! Meniň balam ýatypdyr,

Halkara hyzmatdaşlygyň rowaçlyklary

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan strategik taýdan ähmiýetli, iri möçberli we uzak möhletli halkara maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan dünýä jemgyýetçiliginiň abraýly agzasy hökmünde özüni tanatdy. Parahatçylygy üpjün ediji merkez hökmünde ählumumy ykrar edilmegine eýe bolan Bitarap Türkmenistan sebit hem-de halkara ähmiýetli möhüm meseleleri çözmekde uly orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän oňyn teklipleri parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmek üçin berk esasa öwrüldi. Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyň baý we oňyn tejribesine esaslanyp, dünýäniň syýasy giňişliginde öz ornuny barha berkidýär. Munuň özi halkara hyzmatdaşlygynyň ähli ulgamyny pugtalandyrmaga, dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 23-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Gurulýan täze binalar we desgalar Watanymyzyň baş şäheriniň bezegidir

22-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda guruljak dürli maksatly täze binalaryň we desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Taslamalar bilen tanyşmak üçin döwlet Baştutanymyz Ruhyýet köşgüne geldi.

Özgertmeler ýoly bilen ösüşlere tarap

22-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, käbir ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak, ähli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Täze taslamalar — rowaçlygyň nyşany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäherinde durmuşa geçirilýän täze taslamalar ýurdumyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňelýändigini, onuň ilatynyň sanynyň artýandygyny nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylýar. Olar döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan hem-de adamlaryň oňaýly ýaşaýşy üçin ähli amatlyklaryň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine bildirilýän ýokary talaplara we häzirki zaman şertlerine doly laýyk gelýär. Şunuň ýaly giň möçberli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpli özgerdi. Bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň tutuş toplumlary guruldy, müňlerçe maşgalalar ähli amatlyklary özünde jemleýän oňaýly öýlere göçüp bardylar. Diýarymyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň depgini barha ýokarlanýar. Aşgabatda diňe aýry-aýry binalar däl-de, eýsem, tutuş ýaşaýyş toplumlary, döwrebap şaýollar gurulýar. Munuň özi Türkmenistanda Arkadag Prezidentimziň baştutanlygynda şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Goýny gözel ymaratly Aşgabat

22-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda guruljak dürli maksatly täze binalaryň we desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Taslamalar bilen tanyşmak üçin döwlet Baştutanymyz Ruhyýet köşgüne geldi. Bu çäre milli Liderimiziň golaýda geçirilen iş maslahatynyň barşynda beren tabşyrygy boýunça guraldy. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, birnäçe degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklaýar. Şäher ilatynyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin zerur şertleriň döredilmegine, baş şäherimizi ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işlerde öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagyna hem-de amatly ekologiýa gurşawynyň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Arkadag pähminden watan beýgelýär

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji iýulda Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze ýaşaýyş jaý toplumynyň hem-de welaýat merkezinde gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Daşoguz şäheriniň howa menzilinde ýaýbaňlandyrylan dabara gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, ýörite bellenilen ýerde çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyzyň çuňňur mazmunly çykyşynda welaýat merkezinde täze ýaşaýyş jaý toplumynyň, şeýle hem döwletli döwranymyzyň şaýady, toý-baýramlarymyzyň mekany boljak «Türkmeniň ak öýi» binasynyň aýratynlyklary barada bellenildi.