Täze taslamalar — rowaçlygyň nyşany

23 Iýul 2021
653

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäherinde durmuşa geçirilýän täze taslamalar ýurdumyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňelýändigini, onuň ilatynyň sanynyň artýandygyny nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylýar. Olar döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan hem-de adamlaryň oňaýly ýaşaýşy üçin ähli amatlyklaryň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine bildirilýän ýokary talaplara we häzirki zaman şertlerine doly laýyk gelýär.

Şunuň ýaly giň möçberli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpli özgerdi. Bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň tutuş toplumlary guruldy, müňlerçe maşgalalar ähli amatlyklary özünde jemleýän oňaýly öýlere göçüp bardylar. Diýarymyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň depgini barha ýokarlanýar. Aşgabatda diňe aýry-aýry binalar däl-de, eýsem, tutuş ýaşaýyş toplumlary, döwrebap şaýollar gurulýar. Munuň özi Türkmenistanda Arkadag Prezidentimziň baştutanlygynda şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

«Aşgabat».