Döwrümiziň beýik işleri: parahatçylykly ösüşiň dünýä nusgalyk ýoly

22 Iýul 2021
718

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary, beýik tagallalary bilen ata Watanymyz Türkmenistanyň ähli durmuş düzümlerindäki gazanýan ösüşleri dünýäde parahatçylygy we agzybirligi dabaralandyrýan ýörelgelerdir. Goýny üç ýüz altmyş Pirli Daşoguz topragy Arkadagly eýýamymyzda özüniň şöhratly taryhyny döwrebap mazmun bilen baýlaşdyrýan ençeme taryhy wakalara şaýat bolýar.

Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 21-nji iýulynda Daşoguz welaýatyna iş saparynda bolup, täze ýaşaýyş jaý toplumynyň hem-de welaýat merkezinde gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşan pursatlaryndaky şanly wakalar döwletlilik ýörelgelerimizi, bagtyýarlyk döwrümizdäki ösen medeniýetimiziň owadan keşbini, ýurdumyzyň barha artýan ykdysady kuwwatyny, köpmilletli halkymyzyň agzybirligini dabaralandyrdy.

Maksat NURYÝEW
«Adalat».