Energetika syýasaty: Garagumuň şanly geljegi

25 Iýul 2021
777

2021-nji ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz birnäçe wajyp resminamalar bilen birlikde «Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda köpugurly elektrik stansiýasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda» Karara gol çekdi. Milli Liderimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň aýratyn ugurlarynyň biri dünýäniň öňdebaryjy ylmy-tehnologik gazananlaryny ýurdumyzyň ösüşlerinde giňden özleşdirmek bolup durýar. Dünýäde bolsa energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek barada anyk işler durmuşa barha giňden ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary esasynda uzak Garagumda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenarynda gurulýan täze obany we bu ýerde ýaýbaňlandyryljak önümçilik düzümlerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge niýetlenen, Gün we ýel elektrik stansiýasy hem ýurdumyzyň dünýäniň tehnologik ösüşlerine giňden goşulyşýandygynyň ýene bir mysalydyr.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa babatda ýurdumyzda zerur işler alnyp barylýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolsa 2021-nji ýylyň mart aýynda kabul edildi. Onda energiýa babatda başlanýan täze zamananyň hukuk jähetleri hemmetaraplaýyn göz öňünde tutulýar.

Amanbibi MUHAMMEDOWA,
žurnalist.