Halkara hyzmatdaşlygyň rowaçlyklary

25 Iýul 2021
861

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan strategik taýdan ähmiýetli, iri möçberli we uzak möhletli halkara maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan dünýä jemgyýetçiliginiň abraýly agzasy hökmünde özüni tanatdy. Parahatçylygy üpjün ediji merkez hökmünde ählumumy ykrar edilmegine eýe bolan Bitarap Türkmenistan sebit hem-de halkara ähmiýetli möhüm meseleleri çözmekde uly orny eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän oňyn teklipleri parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmek üçin berk esasa öwrüldi. Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyň baý we oňyn tejribesine esaslanyp, dünýäniň syýasy giňişliginde öz ornuny barha berkidýär. Munuň özi halkara hyzmatdaşlygynyň ähli ulgamyny pugtalandyrmaga, dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Baýram GURTMYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy.