HABARLAR

Zenan bagty

Telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde hususy önüm öndürijileriň sany ýylsaýyn artýar. Olaryň önümleri ekologik taýdan arassalygy, şeýle hem ýaşaýşyň ähli ugurlarynda bolçulygyň emele getirilýän döwründe bäsdeşlige ukyplylygy bilen hem tapawutlanýar. Narhal Haknazarowa Türkmenabadyň süýt-ýag öndürýän kärhanasynyň peýnir önümleri sehiniň ussasy bolup işläp ýören ýyllarynda hormatly zähmet dynç alşyna çykandan soň uly bir önümçiligi döretjekdigi hakynda pikirem eden däldir. Bu ýerde ol 17 ýyldan gowrak wagtlap yhlas bilen zähmet çekdi. Ýönekeý işçilikden seh ussalygyna ýetişdi. Peýnir öndürmegiň ähli syrlaryny birkemsiz özleşdirdi. Baý iş tejribesini toplady. Gyzy Narjan hem ene kesbini ýöretmäge döwtalap boldy. Ol ejesi bilen peýnir önümçiliginde işläp, onlarça ýyllap önümçilikde öňdebaryjylaryň hatarynda tanaldy.

Halkara sergiden hoş habarlar

9-njy fewralda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz hususy pudagyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigi barada aýdyp, häzirki döwürde döwlete dahylsyz pudak tarapyndan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleriň öndürilýändigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, hususy pudakda azyk önümleriniň dürli görnüşini öndürýän türkmen telekeçileriniň 5 — 9-njy fewral aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen “ProdEkspo” halkara sergisine gatnaşmagy we ol ýerde gazanan üstünlikleri bu hakykatyň aýdyň güwäsi bolup şöhlelendi. Dünýäniň 40-a golaý ýurdundan azyk önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanalaryň iki müňden gowragyny bir ýere jemlän iýmit önümleriniň, içgileriň we olaryň önümçilik çig mallarynyň 31-nji iri halkara sergisine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryndan “Ak ýol miwe içgileri” hususy kärhanasy, “Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti alkogolsyz içgiler we miwe şireleri, “Şerbetli ak gar” hojalyk jemgyýeti, “Altyn ýunus” hususy kärhanasy, şeýle-de “Balam”, “Bar

Türkmen işewürleri «Prodexpo — 2024»-de

5 — 9-njy fewral aralygynda Moskwada azyk önümlerine bagyşlanan «Prodexpo — 2024» halkara sergisi geçirildi. «Prodexpo — 2024»-de gündelik iýmitlerden we içgilerden başlap, iň lezzetli tagamlara çenli, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänler üçin sport iýmiti hökmünde taýýarlanýan önümler, halal, ekzotik önümler öz ornuny tapýar.

Ýokary hilli we täzeçil önümçilik

Täç hil» hususy kärhanasynyň döwrebap önümçilik toplumy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär. 1,33 gektar meýdany eýeleýän toplum dolandyryş bölüminden, önümçilik sehleriniň ikisinden we ammarlardan ybarat. Dolandyryş bölüminiň önümçilik bölümlerinden diňe aýna diwar arkaly bölünmegi öňdebaryjy kompaniýalaryň tejribesinden ugur alýan çözgüt bolup, kärhananyň ähli işgärleriniň biri-biriniň amala aşyrýan işinden habarly bolmagyna we agzybirlikde çekilýän zähmetiň netijesinde ýokary görkezijileri gazanmaga ýardam edýär. Häzir bu ýerde 50-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Birinji önümçilik bölümine giren badyňa arassaçylyk serişdeleriniň ýeňilden ýakymly ysy duýulýar. Bu ýerde sazlaşykly işleýän döwrebap tehnologiýalar arkaly şahsy arassaçylyk serişdeleri, dürli ölçegdäki çygly süpürgiçler, gap-gaç ýuwujy serişdeler, suwuk sabynlar, köpürjikli sabynlar, atyrlar, ýakymly ys berijiler, egin-eşik ýuwulýan serişdeler we hojalyk himiýasyna degişli beýleki önümler öndürilýär. Olaryň aglaba böleginiň önümçiligi birmeňzeş yzygiderlilikde alnyp barylýar. Önümçilik tapgyry boýunça süýşüp gelýän plastik gaplaryň içine suwuk görnüşdäki arassaçylyk serişdeleri guýulýar. Soňra olaryň gapaklary ýa

Zähmet bilen täzeçillik utgaşanda

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary, goldawy hem-de ynamy bilen türkmen telekeçileriniň işi barha rowaçlanýar. Olaryň öndürýän ýokary hilli senagat we azyk önümleriniň, beýleki harytlarynyň möçberi hem-de görnüşi ýylsaýyn artýar. Netijede, bazarlarymyz dürli harytlardan, azyk önümlerinden ýaňa, tüweleme, gözüň dokunýar diýleni. Şol bolçulygy döretmekde «Parahat» hususy kärhanasynyň hem mynasyp goşandy bar. Kärhana 1993-nji ýyldan bäri işläp gelýär. Şu döwrüň içinde ol şöhlat we süýt önümlerini, miwe şirelerini öndürmekde baý tejribe toplady. Olar dünýä ülňülerine doly laýyk gelmek bilen, halkymyzyň uly höwes bilen satyn alýan önümlerine öwrüldi. Hususan-da, şöhlat önümleriniň has tagamlydygyna müşderiler güwä geçýärler. «Güneşli», «Eşretli», «Köşüli», «Halal» ýaly şöhlatlar uly islegden peýdalanýar. Ýeri gelende aýtsak, şöhladyň «Köşüli» görnüşini öndürmek üçin Awstriýanyň öňdebaryjy kompaniýasynyň tehnologiýalary önümçilige ornaşdyryldy. Şunlukda, hususy kärhana her aýda şöhlat önümleriniň 60 tonnadan gowragyny öndürip, söwda nokatlaryna ugradýar. Gowurdak, kakadylan towuk bududyr büzme görnüşli şöhlatlar hem kärhananyň geçginli önümlerindendir.

Hususy ulgamda belent sepgitler

Türkmenistanda telekeçilik ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurluşlarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna ykdysadyýetde hususy bölegiň ornunyň ýokarlandyrylmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň strategik ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmekde hususyýetçileriň başlangyçlaryny goldaýar. Şeýle goldawdan ruhlanýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Diýarymyzda azyk we haryt bolçulygyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýarlar. Hususy pudagyň wekilleri oba hojalygynda, azyk we gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda, gurluşyk serişdeleriniň we elektrik enjamlarynyň, öý hojalyk tehnikasynyň önümçiliklerinde, söwda, bilim, durmuş hyzmatlary, ulag we logistika ulgamlarynda, halk senetçiliginde üstünlikli iş alyp barýarlar. Telekeçiler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport edilýän önümleriň möçberini yzygiderli artdyrýarlar. Iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri giň möçberli taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar, müňlerçe adamy iş orunlary bilen üpjün edýärler. Döwletimiziň telekeçilige berýän goldawy, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň netijeli ýola goýulmagy esasynda ýurdumyzda döwrebap

Towuk ýumurtgalarynyň önümçiligi ýokarlanýar

Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçünji müňýyllygyň başynda adamzadyň öňünde durýan iň wajyp wezipeleriň biridir. Şu hakykata göz ýetirseň, soňky ýyllarda bütin dünýäde oba hojalygy bilen gönümel baglanyşykly bolmadyk ugurlarda uly üstünlik gazanan halkara kompaniýalaryňdyr tanymal işewürleriň ekerançylyk we maldarçylyk bilen bagly iri taslamalary durmuşa geçirmäge girişýändigi geň däl. Ilaty ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynda hem ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu ugra hususy pudagyň wekilleriniň goşant goşmagy has uly öňegidişlikleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk hojalygynyň pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge gönükdirilen ykdysady strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Geljege miras» hususy kärhanasy işleriniň gerimini barha giňeldýär. Ýurdumyzda ilkinji bolup motor ýaglarynyň önümçiligini ýola goýan hususy kärhana «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan taslamalary amal

Iş gurşawlary kärendesine bermek

Aşgabat şäherinde iş gurşawlaryny kärendesine bermek boýunça hyzmatlary ýetirýän «Regus» merkezi açyldy. «Regus» brendiniň 100-den GOWRAK ÝURTDA 4000-den KÖP MERKEZI BAR.

Tutanýerli zähmetiň datly miwesi

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň hususy düzümi oba hojalygy pudagynda uly üstünlikleri gazanýar. Bu ugurda ýyladyşhana hojalyklary bilen baglanyşykly gazanylan öňegidişlikler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Möhüm pudakda ýetilen sepgitlere mysal hökmünde dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýyladyşhana toplumyny döredip, sanly tehnologiýalary üstünlikli ornaşdyrmak arkaly halkara derejede at-abraýa eýe bolan «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işlerini görkezmek bolar. Paýtagtymyzdan çykyp, dag etegini syryp gidýän ýol boýunça, gündogarlygyna ýola rowana bolanyňda Kaka etrabynyň çägindäki bag-bakjaly meýdanlar, ýyladyşhanalar ünsüňi çekýär. 2008-nji ýylda esaslandyrylan «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap ýyladyşhanalar toplumy hem şu sebitde ýerleşýär. Birnäçe ýylyň dowamynda dürli ugurlarda iş alyp baran hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda ähli ünsüni oba hojalygyna gönükdirdi. Hut şol ýyl «Ýigit» hojalyk jemgyýetine Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginden uzak möhletleýin esasda 1 müň gektara barabar ýer bölegi ulanylmaga berildi. Işjanly işewürler bu ýerde ilkibaşda arpa, bugdaý, dary, mäş, mekgejöwen ýaly ekinleri ekmäge girişdiler. 2019-njy ýylyň başynda bolsa şol ýerde meýdany 10 gektara barabar ýyladyşhana toplumy açylyp, ulanylmaga berild

Häzirki wagtda dünýäde kagyz gaplamalara bolan isleg ýylsaýyn artýar

Ak bugdaý etrabynyň Senagat zolagynda ýerleşýän «Ýedidogan» kärhanasy daşky gurşaw üçin zyýanly gaplaryň ornuny tutup biljek ekologiýa taýdan arassa dürli önümleri öndürýär. Bular elde göterilýän towly tutarly bukjalar, tutarsyz bukjalar, kagyz gaplary, agzy açyk haltalardyr. Kärhananyň önümleri gündelik durmuşda azyk saklamak we dürli önümlerii çalt we ygtybarly eltip bermek üçin giňden ulanylýar. Kagyz haltalar moda we bezeg serişdelerinden iýmit önümlerine, derman serişdelerine we elektron enjamlara çenli köp dürli harytlary daşamak üçin niýetlenendir. Kompaniýa tarapyndan öndürilýän kagyz haltalar önümleriň gurluşyk, nebit-himiýa, azyk, oba hojalygy we başga-da birnäçe görnüşler üçin ulanyp bolýan ekologiýa taýdan arassa, döwrebap gaplamalardyr. «Ýedidogan» önümçilik üçin zerur çig maly halkara şahadatnamasy bolan öňdebaryjy Ýewropa kompaniýalaryndan satyn alýar. Önümçilikde ulanylýan kagyz, ýelim we reňkler iýmit önümleri, adam saglygy we daşky gurşaw üçin düýbünden zyýansyzdyr. «Ýedidoganyň» önümleriniň hiliniň ýokarydygyny ISO 9001:2015 halkara şahadatnamasy, azyk önümlerine laýyklyk şahadatnamasy, TDS şahadatnamalary we ygtyýarnamalary tassyklaýar.