Indi ýigrimi bäş ýyl bäri ýokary hilli önümleri bilen ilata hyzmat edip gelýän «Hilal» hususy kärhanasy häzirki bazar gatnaşyklary şertlerinde önümçiligiň möçberini has-da artdyrmak, bäsdeşlige ukyply ýerli önümleriň täze görnüşlerini öndürmek boýunça netijeli iş alyp barýar. Kärhanada daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, 20-den gowrak görnüşli, ýokary hilli önümler öndürilip, ýurdumyzyň içerki bazaryna ugradylýar. Ýokary öndürijilikli enjamlar, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan bölümleriň sazlaşykly hem utgaşykly hereket etmegi, işleriň göwnejaý guralmagy önümçiligi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Kärhanada geçen ýylyň dowamynda plastik aýnalaryň 400-si, şonça mukdarda agaçdan hem metal gapylar, 500-e golaý dürli görnüşli mebeller taýýarlanyldy.
Hususy kärhananyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, öňdebaryjy tejribelere daýanýan täze önümçilik bölümlerini döretmek babatynda hem guramaçylyk-tehnologik çäreler geçirilýär. Welaýat merkezinde kärhananyň ýumşak mebelleri öndürýän täze bölüminiň gurluşyk işleri dowam edýär. Umumy tutýan meýdany iki gektara barabar bolan bu bölümde ýaşaýyş jaýlary hem-de edara binalary üçin niýetlenen dürli mebelleri, birnäçe bölekden ybarat mebel düzümlerini öndürmek göz öňünde tutulýar.