«Aýna gabyň» islegli önümleri

10 Ýanwar 2024
1993

Arada gerekli azyk önümlerini almak üçin daýhan bazaryna bardyk. Tekjelerde gözüňi dokundyrýan gök önümleriň ählisi, alma, erik, armyt, beýi, üzüm, garaz, islän miwäň bar. Olary synlap ýörşüme danalaryň dürdänelerindäki: «Islendik ýurduň halkynyň ýaşaýyş derejesini biljek bolsaň, onuň bazarlaryny aýlanyp gör!» diýen jümlesi ýadyma düşdi. Hudaýa şükür, döwrümizem, durmuşymyzam gowy, islän harydyň tapylýar. Bahalaram elýeterli. Ýöne gyş aýlarynda, esasan, saçagyňda gaplanan miweleri göresiň gelýär. Ine-de, üç litrlik gaplara gaplanylan gök we miwe gaplamalary, pomidor goýaltmalary! Haýsy görnüşi diýseň bar. Endigime görä önümiň gabyndaky maglumatlary okadym. Geňem bolsa, ýaşap ýören şäherimiziň golaýyndaky obada şeýle hususy kärhananyň ýerleşýändigini şol wagt bildim.

Şeýdip, «Aýna gabyň» gök we miwe gaplamalaryndan kemsiz ýüklenip gaýtdyk. Baýramçylyk günlerinde desterhanlarymyzy bezän bu önümler özümiziňem, myhmanlarymyzyňam göwnüne diýseň ýarady. Aradan sähel wagt geçenden soň «Aýna gap» bilen ýakyndan tanyşmak höwesi meni Saýat etrabynyň Miweçiler obasynda ýerleşýän bu hususy kärhana getirdi. Çaý başyndaky söhbetdeşlikde «Aýna gap» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy Salamat Jumaýewa dolandyrýan önümçiligi hakynda şeýle gürrüň berdi.

Atanyýaz HANGELDIÝEW,
ýörite habarçymyz.