Beýik Ýüpek ýoly geçen gadymy Lebap topragynda ene-mamalarymyzyň çeper el hünärini dowam etdirýän gyz-gelinler türkmen keşdeçilik sungatynyň baý görnüşlerini, ajaýyp milli lybaslary döredýärler. Şolaryň birem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Hurma Döwranowa. Türkmenabat şäherindäki «Lebap» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Maýsa ýakalar» dükanyna barsaňyz, möhümiňiz bitmän galmaz. Çünki telekeçi zenanyň ýolbaşçylygyndaky dükanda bölümleriň dördüsi bolup, olaryň hersi bir hyzmaty ýerine ýetirýär. Birinde dürli matalaryň söwdasy ýola goýlan bolsa, beýlekisinde çeper elli gyz-gelinleriň ýüpek sapaklardan bejeren el keşdeleri, ýene birinde täzeçe usullarda, ýagny kompýuterler arkaly bejerilen ýakalar bar. Taýýar lybaslar bölümine gireniňde bolsa, gyz-gelinleriň sünnäläp bejeren kürteleriniň, çabytdyr donlarynyň älemgoşar öwüşgini gözüňi gamaşdyrýar. Ol ýerde dürli reňkli köýneklik, çabytlyk, donluk matalardan başlap, ýakalaryň nusgawy görnüşlerini, owadan bezeg monjuklarydyr hünjüleri, gotazlardyr alajalary saýlap almaga giň mümkinçilik döredilipdir. Mahlasy, toýdur-baýramlara täze lybas edinmek isleseňiz, «Maýsa ýakalar» dükanynyň çeper elli zenanlary islegleriňize laýyklykda, «dokuzyňyzy düzüwläp» goýbererler. Bu nepis işleri ussat tikinçi zenanlaryň ýedisi ýerine ýetirýär.
— Lybaslardyr ýakalarymyzyň müşderileri ýeterlik. Biz ýörite buýurmalar esasynda hem iş alyp barýarys. Esasan hem, durmuşa çykýan gyzlaryň täzeden-täze nusgalarda, biçüwlerde buýurmalaryny alýarys. Olaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmak üçin bolsa, bizde mümkinçiligem, şertem bar. Ýüpek-parçalardan lybaslar diýjekmi, gadymy nusgalardaky we döwrebap ýakalar diýjekmi, dizaýnerlerimiz, tikinçilerimiz islegleri ýokary derejede berjaý etmek üçin başarnygynam, zähmetinem gaýgyranoklar. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän amatly şertleri türkmen zenanlarynyň hem hususy pudakda öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegine ýol açdy. Biziň maksadymyz, nepisligi, owadanlygy bilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen türkmen keşdeçilik sungatyny kämil derejede baýlaşdyryp, döwrebaplaşdyryp, geljekki nesillere ýetirmek — diýip, Hurma Döwranowa gürrüň berýär.