Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary, goldawy hem-de ynamy bilen türkmen telekeçileriniň işi barha rowaçlanýar. Olaryň öndürýän ýokary hilli senagat we azyk önümleriniň, beýleki harytlarynyň möçberi hem-de görnüşi ýylsaýyn artýar. Netijede, bazarlarymyz dürli harytlardan, azyk önümlerinden ýaňa, tüweleme, gözüň dokunýar diýleni. Şol bolçulygy döretmekde «Parahat» hususy kärhanasynyň hem mynasyp goşandy bar.
Kärhana 1993-nji ýyldan bäri işläp gelýär. Şu döwrüň içinde ol şöhlat we süýt önümlerini, miwe şirelerini öndürmekde baý tejribe toplady. Olar dünýä ülňülerine doly laýyk gelmek bilen, halkymyzyň uly höwes bilen satyn alýan önümlerine öwrüldi. Hususan-da, şöhlat önümleriniň has tagamlydygyna müşderiler güwä geçýärler. «Güneşli», «Eşretli», «Köşüli», «Halal» ýaly şöhlatlar uly islegden peýdalanýar. Ýeri gelende aýtsak, şöhladyň «Köşüli» görnüşini öndürmek üçin Awstriýanyň öňdebaryjy kompaniýasynyň tehnologiýalary önümçilige ornaşdyryldy. Şunlukda, hususy kärhana her aýda şöhlat önümleriniň 60 tonnadan gowragyny öndürip, söwda nokatlaryna ugradýar. Gowurdak, kakadylan towuk bududyr büzme görnüşli şöhlatlar hem kärhananyň geçginli önümlerindendir.