HABARLAR

Türkmenistan BMG-de söz sözleýär

Ol parahatçylyk döredijilige çagyryşdyr Indi ençeme ýyl bäri her ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Baş Assambleýanyň birýyllyk mejlisleri öz işine başlaýar. Ählumumy gün tertibiniň iňňän möhüm meseleleri boýunça bilelikde pikir alyşmak üçin ýeke-täk forum bolup hyzmat edýän bu mejlislere agza döwletleriň her biri öz garaýyşlaryny, teklipdir başlangyçlaryny hödürleýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 14-nji sentýabrynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisi açylýar. Halkara gatnaşyklaryň doly hukukly subýekti hökmünde Bitarap Türkmenistan hem öňde boljak möhüm çärä, adatdakylar ýaly, ileri tutýan garaýyşlary, milli Lideriniň beýik başlangyçlary bilen barýar.

Parahatçylyk — durnukly ösüşiň möhüm ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýy, şan-şöhraty dünýä dolýar. Bu bolsa biziň her birimizi çäksiz buýsandyryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty dünýäde parahatçylygy ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin parahatçylyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugruny, ýol-ýörelgesini kesgitleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şeýle möhüm resminamanyň kabul edilmegi durnukly ösüşiň hatyrasyna meseleleri çözmegiň ygtybarly ýollaryny tapmaga mümkinçilik berýän öňüni alyş diplomatiýasynyň ýokary netijeliligini tassyklaýar. Eziz Diýarymyz dünýäniň ähli döwletleri we iri halkara guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmakda tagalla edýär. Türkmen halky dostluk we ynanyşmak arkaly ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň has ygtybarly bolýandygyna berk ynanyp, ol ýörelgä pugta eýerýär. BMG hem-de onuň düzümine girýän edaralar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine döwletimizde türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Türkmenistan tarapyndan

Bitaraplyk — parahatçylygyň täze pelsepesi

Durnukly ösüşiň netijeli ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen birlikde medeniýet ulgamynyň hem ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Milli Liderimiz bu ulgamyň öňünde durýan wezipelere yzygiderli ünsi çekýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň: «Medeniýet ulgamynyň wezipesi jemgyýetiň ruhy we döredijilik baýlygyny artdyrmakdan ybaratdyr» diýip nygtamagynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, olaryň çözgüdiniň döwrüň talaplaryna kybap gelmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadyny we sanly kitaphana hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmegi tabşyrdy. Şonda medeniýet edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Binalaryň görkanadyr, eziz Diýar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda depginli işler durmuşa geçirilip, ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Maksada okgunly geçirilýän taryhy ähmiýetli işleriň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriň gözbaşynda bolsa döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz aladalary, taýsyz tagallalary, öz halkyna bolan beýik söýgüsi, halkymyzyň şu güni hem aýdyň ertiri hakyndaky alada. Parahatçylygyň hem asudalygyň mekany hökmünde at-owazasy jahana dolan ýurdumyzda umumadamzat ähmiýetli möhüm başlangyçlar rowaç tapýar. Bagtyýarlygyň gujagynda ýaşaýan mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny ajaýyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýar. Türkmen döwletiniň berkararlygynyň synmaz sütüni bolan Garaşsyzlygyň şanly senesi uly buýsanja beslenýär. Ol döwletiň özygtyýarlylygyny, berkararlygyny, milletiň dowamatyny alamatlandyrýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzy has-da şöhratlandyrýan möhüm ähmiýetli wakadyr. Beýik döwrüň döredijilikli işlerinden

Türkmenistan — BMG gatnaşyklary

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmak baradaky haýyşy 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Baş Assambleýanyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Şeýlelikde, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy boldy we ilkinji günlerden başlap, bu iri halkara düzüm bilen ysnyşykly we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna gabat gelen ýylymyzyň 2-nji martynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň doly hukukly subýekti hökmünde Birleşen Milletler Guramasyna agzalyga kabul edilmegine 29 ýyl doldy. Geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz BMG-niň Tertipnamasyna hem-de onda beýan edilen ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny subut etmek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagynyň bähbidine öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär.

Dünýä nusgalyk parahatçylyk

Täze taryhy eýýamda döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlary dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar. Hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2021-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri ösüşe giň ýol açýar. Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak babatda oňyn başlangyçlary hem dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary tarapyndan goldanylýar. Milli Liderimiz daşary ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) sammitinde eden çykyşy uly gyzyklanma döretdi.

Hemişelik Bitaraplyk — Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň kämil beýany

Soňky çärýek asyryň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde derwaýys meseleleri çözmekde, döwletler bilen halklaryň arasyndaky dostlugy, hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde oňyn netijesini görkezdi. Merkezi Aziýada asudalygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy berkarar etmek babatda halkara tagallalara goşulyşmak bilen, konstruktiw gepleşikleri ýola goýmaga gönükdirilen parahatçylygy goraýyş mümkinçilikleriniň Türkmenistan tarapyndan işjeň durmuşa geçirilmegi netijesinde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy düzgünleridir ýörelgeleri berk berjaý edilýär. Milli Liderimiz Durnukly ösüş arkaly parahatçylygy berkitmek ýörelgesiniň Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasynyň özenini emele getirýändigini nygtaýar. Halkara hukuk kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmek, harby çaknyşyklaryň islendik görnüşine gatnaşmazlyk we daşary syýasatyň öňdengörüjiligi netijesinde, parahatçylygy berkitmek özygtyýarly türkmen diplomatiýasynyň esasy ugurlarynyň diňe käbirleridir. Bu diplomatiýa, şol bir wagtyň özünde, daşary döwletler bilen bilelikdäki ykdysady we maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmek bilen, özara bähbitlere hormat goýmak esasynda, milli ykdysadyýetiň ösmegine-de goldaw berýär

Bitaraplyk — parahatçylygy döretmek sungaty

6. Bitaraplyk — goňşyň öýündäki asudalyk Hoşniýetli goňşuçylyk Türkmenistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Halkymyzyň heňňam aşyp gelen «Öý alma, goňşy al», «Kyýamat güni goňşudan», «Alysdaky garyndaşdan, ýakyndaky goňşy ýagşy», «Keçäňi satsaň, goňşyňa sat, myhman baraňda bir burçunda ýene özüň oturarsyň». diýen ýaly nakyllarydyr atalar sözleri, edil, şol durşuna diýen ýaly, goňşy owgan halkynda hem gaýtalanýar. Aýdylyşy ýaly, goňşy satyn alynmaýar, ol ykbalyň peşgeşidir. Gündogarda «Öz öýüňdäki asudalyk goňşyň öýündäki asudalykdan başlanýar» diýen pähim ýörgünli. Owgan halkynda bolsa «Zerur wagty dost kömegi — baharyň açylan güli» diýen nakyl bar. Diýmek, goňşular elmydama arkalaşykda, özara oňşuklylykda, birek-birege kömek berip ýaşamaly.

Ösüşiň aýdyň ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bu beýik we buýsançly döwürde ýurdumyzyň halkara abraýy Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň netijesinde barha beýgelýär. Ýurdumyz parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara tagallalara saldamly goşant goşýar. Munuň özi halkara gatnaşyklaryň häzirki şertlerinde hemişelik Bitaraplygymyzyň uly ähmiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Syýasy nukdaýnazardan, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan şeýle möhüm resminamanyň kabul edilmegi dürli meseleleri çözmegiň ýollaryny tapmaga mümkinçilik berýän öňüni alyş diplomatiýasynyň ýokary netijeliligini tassyklaýar. Şeýle hem baky Bitarap T