Belent maksatlar rowaçlanýar

20 Iýul 2021
1649

Ata Watanymyz Garaşsyz Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barýar. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipelere esaslanmak bilen, sebitde hoşniýetli goňşuçylygy we parahatçylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berýär. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşýar hem-de oňyn başlangyçlary öňe sürýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň birnäçe döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Şeýle hem dünýä ýurtlary bilen medeni, söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygider ösdürýär. Munuň özi ählumumy ösüşi, abadançylygy üpjün edip, halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrýar.

Nursähet DINMÄDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.