HABARLAR

Bitaraplyk syýasatynyň ykdysady mümkinçilikleri

Türkmen Bitaraplygynyň ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna galkynyşly menzilleri bagyşlandygy hakykat. Ylym, bilim, medeniýet, sungat, edebiýat, syýasat, ykdysadyýet ýaly ulgamlarda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, amal edilen işler sanardan köp. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyndaky: «Bitaraplyk syýasaty sebitiň dünýäde häzirki zamanda bolup geçýän işlere ähli ugurlar boýunça tiz goşulyşmaga ýardam berýär. Merkezi Aziýanyň, syýasy nukdaýnazardan durnukly ösýän, netijeli ykdysady gatnaşyklar berkidilýän sebite öwrülmegi üçin zerur şertleri döredýär» diýen sözleri biziň söhbedimize giriş boldy. Gürrüň türkmen Bitaraplygynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetiren özgerişli täsirleri dogrusynda barýar. Ýadymyzda şöhlelenişi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz ýurdumyz 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda BMG tarapyndan ilkinji ykrar edilen hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýä çykdy. Dünýäde şeýle mertebelenmek «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýanyň ikinji gezek kabul edilmegi bilen, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde binýat boldy. Hemişelik Bitaraplyk huku

Bitaraplygymyz – buýsanjymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyz günsaýyn ösýär hem özgerýär, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýy gün-günden belende göterilýär. Döwletimiziň oňyn Bitaraplyk syýasaty ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýän beýik özgertmeleri amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Arkadagly Serdarymyzyň her bir tutumly işi halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine gönükdirilip, ýurdumyzda ýetilýän sepgitler, beýik özgertmeler halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry ýurdumyzyň taryhy senenamasyna altyn harplar bilen hemişelik ýazyldy. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde, bu Gurama gatnaşyjy 185 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Bu taryhy waka türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri eýerýän, onuň ruhy baýlygyna, taryhy we milli däp-dessurlaryna laýyk gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we açyklyk ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasaty halkara giňişliginde uly ähmiýete we ösüşlere eýedir.

Şanly sene — Watan goragçylarynyň ykbalynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň taryhynda ajaýyp sahypalary açdy. Agzybir halkymyzyň döredijilikli zähmeti, içeri hem daşary syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýär. Hemişelik Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýy gün-günden artýar. Esasy görkezijiler boýunça Türkmenistan Watanymyz bu gün dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna girip, täze ýeňişler sary ynamly öňe barýar. Bu görkezijiler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatynyň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň şaýadydyr. Esasan, bu ugurda iň ileri tutulýan wezipeleriň biri hem, Garaşsyz Watanymyzyň howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmekden, halkymyzy parahat hem bagtly durmuşda ýaşatmakdan, dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary has-da jebisleşdirmekden ybaratdyr. Şeýle çäreleri amala aşyrmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet başyna geçen gününden başlap, Watan goragyny, ýurt asudalygyny hem-de onuň serhediniň bitewüligini üpjün etmek meselelerine döwlet derejesinde uly ähmiýet berip gelýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Milli goşunymyz mukaddes Watanymyzyň sarsmaz galasydyr» diý

Türkmenistan Bitaraplyk ýoly bilen

Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçlaryna gyşarnyksyz eýermek arkaly, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň örüsini has-da giňeldýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge işjeň girişip, dünýä giňişligindäki ornuny üstünlikli pugtalandyrýan Watanymyz dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar. Ýurdumyzyň ählumumy ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen oňyn häsiýetli başlangyçlary bu abraýly gurama tarapyndan uly goldawa eýedir. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen, dürli görnüşli möhüm halkara meseleleriň çözülmeginde uly ähmiýete eýe bolan Kararnamalar hem doly şaýatlyk edýär. Türkmenistan döwletimiz halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagyna mynasyp ýardam berýär. Bu ugurda ýurdumyz halkara başlangyçlaryň ençemesi bilen çykyş edip, sebit we dünýä ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirdi. Şu jähetden, Türkmenistan bu gün Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň sebitin

Sanymyz juda kän, asmanymyz bir, ömür örkli zeminimiz bir biziň

Ýer ýüzünde millionlarça ynsan, ýüzlerçe ýurt, dürli millet, müňlerçe dil, şonça il, millionlarça ýol bar. Zeminiň zerre ýerine ýeten zelel hiç zady-da, hiç kişini-de biparh goýmaýar. Şu nukdaýnazardan-da, asmanyň asudalygyny, zeminiň parahatlygyny pugtalandyrmak her bir ynsan üçin hökmanydyr. Çünki biri-birimiziňkiden gaýry, belki, has alys aralyklarda ýerleşýän ýurtlarda ýaşaýan hem bolsak, biziň zeminimiz, asmanymyz biri-birimiziňkiden üzňe däl. Şoňa görä-de, mukaddes zemini goramagy we oňa ak ýürekden hyzmat etmegi gaýragoýulmasyz borç hasaplaýan türkmen halky Ýer ýüzüniň parahatlygyny hem asudalygyny üpjün etmek dogrusyndaky beýik maksatlaryny asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçirip gelýär. Şu zeýilli ýagşy niýetlerden gözbaş alýan oňyn işler bolsa, älem-jahanyň goýnuny gülgüzarlyga besleýär. Umumadamzadyň abadançylygyny arap amala aşyrylýan beýik işler, umumy ynsanyýet ömrüni ajaýyplyklara beslejek ýeňişler, bagtyýar ynsanlary bagta ýar etjek özgerişler, Ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny dost-doganlyga, agzybirlige, gülläp ösüşe çagyrýan beýik maksatlar, mahlasy, älem-jahanyň goýnuny gülletjek gowulyklaryň ählisi-de türkmen Bitaraplygynda jemlenýär. Dost-doganlyk bar ýerinde agzybirlik bar. Agzybirlik bar ýerinde asudalyk, parahatlyk hem abadançylyk

Bitaraplyk — ählumumy parahatçylygyň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmekde örän wajyp işleri amala aşyrýar. Türkmenistan birnäçe halkara guramanyň agzasy bolup, dünýä döwletleriniň ençemesi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde ýardam bermek, BMG-niň durnukly ösüş maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek, sebitde we onuň daşynda goňşuçylyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy berkitmek, ýaragsyzlandyrmak prosesiniň amala aşyrylmagy üçin amatly şertleri döretmek, dawalary we gapma-garşylyklary parahatçylykly we syýasy ýollar arkaly çözmek we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek berkarar döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutýan ugurlarydyr.

Baky bagtyýarlygymyzyň badalgasy

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk alyp galkynmagy ata-babalarymyzyň asyrlarboýy köňlüne beslän ajaýyp arzuwlarynyň wysaly. Garaşsyzlyk alyp galkynan ata Watanymyz Türkmenistan, 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň ykrar etmeginde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň hem eýesi boldy. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ata-babalarymyzyň ynsanperwer häsiýetiniň döwrebap dowamydyr. Munuň şeýledigine dutary gylyçdan has güýçli saýan Şükür bagşynyň başyndan geçirenleri-de aýdyň şaýatlyk edýär. Taryhyň saralan sahypalaryny agtaryp görsek, türkmen halkynyň asyrlarboýy diňe öz ýurdunyň däl, eýsem, dünýäniň parahatçylygyny pugtalandyrmak ugrunda hem göreşendigine göz ýetirmek mümkin. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny «Türkmen Bitaraplygy» diýip atlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Görogly beg hakyndaky adybir dessançylyk sungaty, onuň golundaky dutary, kalbyndaky namasy bilen umumadamzat derejeli nusgalyk esere öwrülip, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşuldy. Türkmen dutarynyň, türkmen owazynyň dünýä derejesinde buýsanç bilen dabaralanmagy, Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň eçilen miweleridir.

Ýurdumyzyň halkara giňişliginde ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk syýasaty dünýä nusgadyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy eýýamynyň eşretli günlerinde bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyna bu gün 27 ýyl dolýar. Bu döwrüň içinde parahatçylygy söýüjilik syýasatyny amala aşyryp, Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň, gepleşikleriň geçirilýän, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ygtybarly hereket edýän ýerine öwrüldi. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň we türkmen goňşuçylyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ähmiýeti uludyr. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen Bitaraplygy sebitleýin durnuklylygyň, parahatçylygyň we ösüşiň möhüm faktory bolup çykyş edýändiginiň hem-de ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerine laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistan diňe bir öz sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barmak bilen çäklenmän, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen şeýle syýasaty durmuşa geçirýär hem-de diňe bir bähbitleriň gabat gelmegini gözlemän, öz hyzmatdaşlaryny ählumumy abadançylygyň bähbidine bilelikde netijeli işlemäge gönükdirilen pikirdeşlerine öwürýär. Munuň özi ýurdumyzyň häzirki wagtdaky we geljekd

Dünýä nusga bitaraplyk ýolumyz

Bitaraplyk — durnukly ösüşiň binýatlyk ýoly

Häzirki döwrüň ösüşlere beslenýändigi, olaryň ylmyň, bilimiň, täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň öňdebaryjy gazananlaryna, döwrebap milli kanunçylyga esaslanýandygy ähli ugurlarda zähmet çekýän hünärmenleri döredijilige we işjeňlige ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän milli we halkara dabaralara, maslahatlara ählihalk derejesinde ägirt uly joşgunyň, ruhubelentligiň mahsuslygy Bitaraplyk taglymatynyň ynsanperwerligiň, parahatçylygyň, halkara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň girewidigini alamatlandyrýar. Mälim bolşy ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» Garaşsyzlygyň hem-de Bitaraplygyň binýadyny has-da berkitmek, adam maýasyny ösdürmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini, durmuş goraglylygyny we iş üpjünçiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak esasy maksatlaryň hatarynda durýar.