Türkmen Bitaraplygy — dünýä nusgalyk ýörelge

5 Dekabr 2022
825

Baky Bitaraplyk — türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik, türkmen üçin ömrüniň aýdymyna, bagtly gelejege gönezlik boljak her bir günleriň öýdümine deňelýän gymmatlyk. Türkmenistan döwletimiz abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki döwürde oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda oňyn tejribe toplap, guramanyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmekdäki tagallalaryna işjeň gatnaşýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy boldy. Şol döwürden başlap ýurdumyz bu gurama we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary alyp barýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalary kabul etdi. Munuň özi ýurdumyzyň Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmak, howpsuzlygy üpjün etmek we parahatçylygy pugtalandyrmak babatdaky tagallalarynyň ählumumy ykrarnama eýe bolandygyny görkezýär. Şeýle-de 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi.

Mähektäç MAKSADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.