Halkara Bitaraplyk gününe

6 Dekabr 2022
838

Şowhuna beslendi

Golaýda Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygynyň şanly toýy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada mekdebiň mugallymy Gözel Annahanowa hem-de 3-nji ýyl talyby Nazar Garaýew bilelikde we ýekelikde wokal sungaty boýunça türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu konsert tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Dabarada Magtymguly Pyragynyň, G. Ezizowyň sözlerine we N. Halmämmedowyň, W. Muhadowyň sazlaryna düzülen aýdymlaryň wokal sungatynda ýerine ýetirilmegi has-da täsirli boldy.