Şanly sene — Watan goragçylarynyň ykbalynda

7 Dekabr 2022
783

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň taryhynda ajaýyp sahypalary açdy. Agzybir halkymyzyň döredijilikli zähmeti, içeri hem daşary syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýär. Hemişelik Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýy gün-günden artýar. Esasy görkezijiler boýunça Türkmenistan Watanymyz bu gün dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna girip, täze ýeňişler sary ynamly öňe barýar. Bu görkezijiler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatynyň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň şaýadydyr. Esasan, bu ugurda iň ileri tutulýan wezipeleriň biri hem, Garaşsyz Watanymyzyň howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmekden, halkymyzy parahat hem bagtly durmuşda ýaşatmakdan, dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary has-da jebisleşdirmekden ybaratdyr. Şeýle çäreleri amala aşyrmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet başyna geçen gününden başlap, Watan goragyny, ýurt asudalygyny hem-de onuň serhediniň bitewüligini üpjün etmek meselelerine döwlet derejesinde uly ähmiýet berip gelýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Milli goşunymyz mukaddes Watanymyzyň sarsmaz galasydyr» diýip, guwanç bilen aýdýar.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň, şol sanda Serhet goşunlarynyň bölümlerinde döwlet howpsuzlygyny berkitmek hem-de harby gullukçylary hemmetaraplaýyn üpjün etmek meselelerini çözmek maksady bilen goşunda degişli özgertmeleri geçirmegi ýola goýdy. Bu özgertmeler ýurdumyzyň asudalygyny gorap saklamakda ähmiýetlidir.

Ryza NURMYRADOW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň uly mugallymy, maýor.