HABARLAR

Dün­ýä nus­ga­lyk ýö­rel­ge

Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­tyn­dan ugur alyp, dün­ýä­de, se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, äh­li döw­let­ler bi­len dost­luk­ly we öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek, hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na yg­rar­ly­lyk ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň öze­ni­ni düz­ýär. 1995-nji ýyl Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň mil­li se­ne­na­ma­sy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan ýyl bo­lup ta­ry­ha gir­di. Bu se­ne­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­sy bi­len ýur­du­my­zyň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy yk­rar edil­di. Şeý­le hem 2015-nji ýyl­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si 193 döw­le­tiň gol­da­ma­gyn­da ikin­ji ge­zek yk­rar edil­di. Bu ta­ry­hy wa­ka ýur­du­my­zyň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ýyl ýaz­gy­sy­ny zer se­tir­ler bi­len be­ze­di.

Parahatçylygyň we abadançylygyň daýanjy

 «7/24. tm», № 50 (133) Bi­ler­men­ler ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň eme­le gel­şi­niň ta­ry­hy ba­ra­da, şeý­le-de ýur­du­my­zyň ada­lat­ly dün­ýä ter­ti­bi­ni dö­ret­mek ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär.

12-nji dekabrda bolup geçen taryhy wakalar

 «7/24. tm», № 50 (133) 1. 1817-nji ýyl­da Mosk­wa­da ma­než açy­lyp­dyr.

«Bitaraplyk – baky bagtym» atly döredijilik bäsleşigi

 «7/24. tm», № 50 (133) Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň we Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly­nyň Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çir­ýän «Bi­ta­rap­lyk — ba­ky bag­tym» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň je­mi jem­len­di.

Bitaraplygyň aýdyň ýoly

Türkmen halky Türkmenistan Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýuna uly ruhubelentlik bilen barýar. Ýurdumyzda hemişelik Bitaraplyk derejesi abadançylygy we asudalygy berkarar etmek bilen bir hatarda, sebitde hem-de dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde Watanymyzyň abraýyny has-da artdyrýar.

Bitaraplyk — dost, doganlyk daýanjy

Her bir gün berkarar döwletimiziň bagtyýar halky täze ösüşler bilen galkynýar. Hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüşiň esasyny düzýän nurana ak ýollary bilen röwşen geljegine sary ynamly barýan eziz Diýarymyz dünýäde ösüşleriň ýurdy, parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde uly meşhurlyga eýe boldy. Bu buýsandyryjy hakykat biziň her birimizi çäksiz buýsandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň ösüş-özgerişlere, toý-baýramlara beslenýän zamanasy bolup, göwünleri galkyndyrýar. Bu hakykat ajaýyp döwrümiziň adyna mynasyp bagtyýarlyk döwri bolup, bu günki gün agzybir türkmen halkynyň berkararlygyň eýesidigini dünýä ýaýýar. Müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bolan halkymyz üçin agzybirlik, bagtyýarlyk düşünjesiniň çuňňur many-mazmuny ýüze çykýar. Agzybirlik, jebislik we bitewilik ýaly ata-baba gelýän mukaddes ýörelgelerimiz häzirki döwürde döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ykdysady ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň hem rowaçlyklarymyzyň gözbaşy bolan bu mukaddes ýol-ýörelgäniň bagtyýarlyk zamanamyzda has-da pajarlaýandygynyň şaýady bolmak örän guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bütin dünýäde adamzadyň iň gymmatly ynsanperwerlik ýörelgelerini — p

Parahatçylygyň nyşany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz şanly wakalara beslenýär. Halkymyzyň taryhyny, medeni mirasyny öwrenmekde Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Kararnamany kabul eden taryhy gününden bäri, Türkmenistan bu ugurda alan borçlaryny doly ýerine ýetirip gelýär. Şonuň üçin hem Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplygynyň ikinji gezek ykrar edilmegi uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty döwlet nyşanymyz bolan Döwlet baýdagymyzda hem öz beýanyny tapdy. Döwlet baýdagymyzda zeýtun baldajygynyň ýerleşdirilmegi Türkmenistanyň baky Bitaraplygyny, ýurdumyzyň ylalaşdyryjy merkezdigini, bütin dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegi ugrunda çykyş edýän döwletdigini aňladýar.

Baky Bitaraplygymyza bagyşlanan sergi

Baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli gözel Diýarymyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary bagtyýar raýatlarymyzyň kalbyna egsilmez joşgun, ruhubelentlik bagyşlaýar. Şeýle dabaralaryň biri hem welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergi zalynda guraldy. Ýaşajyk suratkeşleriň döreden eserleri esasynda guralan sergide baýramçylyk ruhy, milli buýsanç duýgusy şöhlelenýär. Şeýle hem, reňkli boýaglarda çeperçiligiň dürli ugurlary esasynda döredilen eserlerde hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne, gözel Diýarymyza, bereketli topragymyza söýgi duýgulary öz beýanyny tapýar. Suratlarda şekillendirilen pursatlarda, gürrüň berilýän wakalarda çagalar ajaýyp döwrümiziň çeper keşbini suratlandyrmagy başarypdyrlar. Şeýle hem Arkadagly Serdarymyzyň hoşniýetli daşary syýasatynyň, parahatçylyga we asudalyga esaslanýan milli Bitaraplyk taglymatynyň many-mazmuny çaga dünýägaraýşy bilen şöhlelendirilipdir. Gurban GURBANOW,«Daşoguz habarlary».Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.

Galkynyşly eýýamyň Galkynyş şäherçesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler diňe halkyň bähbidine, ýurdumyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Bagtyýar raýatlarymyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamaklary üçin ýurdumyzda döredilýän şert-mümkinçilikleri dünýä nusgalyk diýip, buýsanç bilen aýtmak bolar. Muňa Bereket etrabynyň Gulmaç geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap Galkynyş şäherçesiniň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem bütin aýdyňlygy bilen güwä geçdi.

Watanyň abraýy arşa galýar

«Watanyň abraýy arşa galýar» ady bilen geçiren maslahatymyza  jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynyň işgärleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, ýaşlar gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde halkymyzyň eşretli durmuşy, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi üpjün edilip, halkara abraýy has-da belende göterilýär. Amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä ykdysady giňişliginde özüniň öň hatarlardaky ornuny barha berkidýändigi bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolan hakykatdyr. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende götermek, durnukly ösüşini üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmak babatda badalga berýän başlangyçlarynyň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär.