Milli ykdysadyýetimizde Bitaraplyk taglymaty

9 Dekabr 2022
684

Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylyk arkaly ählumumy ösüşi üpjün etmegiň hemmeler üçin goldanarlyk milli nusgasyny döretdi. Şeýle tejribe ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň geosyýasy esasy bilen deň hatarda, geoykdysady mümkinçilikleriniň häzirki bir bitewüleşýän, täzelenýän dünýäde aýratyn ähmiýete eýedigini äşgär etdi.

Türkmen Bitaraplygy — parahatçylygy dörediji ykdysady taslamalary döretmegiň sungaty. Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllary öz içine alýan döwürde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda hem-de baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasynda döwletimiziň geljekki ýedi ýyl üçin ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlary kesgitlenilýär. Bitarap döwlet hökmünde ýurdumyz, ilkinji nobatda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirip, sebitde abadançylygy gazanmaga ýardam berýär. Bu gurama agza döwletleriň her biri bilen ýurdumyz dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Döwletimizde halkara hem-de milli taslamalary durmuşa geçirmek, täze önümçilik we durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek babatynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistan halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ösüşleriň täze belentliklerini nazarlaýar.

Orazdurdy BAÝRAMDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.