Umumadamzat gymmatlygy

9 Dekabr 2022
744

Ata Watanymyzda saba-säher bilen öwsen sergin ýeller erkinligiň aýdymy, köňüllerimize bagt mukamy bolup dolýar. Asuda durmuşda ajaýyp zamanamyzyň hözirini görýän ulus-ilimiz mukaddes Garaşsyzlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza ýürekden buýsanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi dünýä tejribesinde ilkinji gezek şeýle halkara hukuk derejesiniň ýurdumyza berlendiginiň guwandyryjy nyşany boldy.

Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki zamanyň möhüm wezipelerini çözmekde, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň oňyn guraly hökmünde ykrar edildi. 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany ikinji gezek kabul etmegi ýurdumyzyň abraý-mertebesini has-da ýokary galdyrdy. Onda ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine goldaw, şeýle hem onuň sebitde we dünýä giňişliginde möhüm orna eýedigi baradaky ykrarnama öz beýanyny tapdy. Mundan başga-da, BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi.

Jeren BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.