Bitaraplyk — dost, doganlyk daýanjy

10 Dekabr 2022
1144

Her bir gün berkarar döwletimiziň bagtyýar halky täze ösüşler bilen galkynýar. Hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüşiň esasyny düzýän nurana ak ýollary bilen röwşen geljegine sary ynamly barýan eziz Diýarymyz dünýäde ösüşleriň ýurdy, parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde uly meşhurlyga eýe boldy. Bu buýsandyryjy hakykat biziň her birimizi çäksiz buýsandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň ösüş-özgerişlere, toý-baýramlara beslenýän zamanasy bolup, göwünleri galkyndyrýar. Bu hakykat ajaýyp döwrümiziň adyna mynasyp bagtyýarlyk döwri bolup, bu günki gün agzybir türkmen halkynyň berkararlygyň eýesidigini dünýä ýaýýar. Müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bolan halkymyz üçin agzybirlik, bagtyýarlyk düşünjesiniň çuňňur many-mazmuny ýüze çykýar. Agzybirlik, jebislik we bitewilik ýaly ata-baba gelýän mukaddes ýörelgelerimiz häzirki döwürde döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ykdysady ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň hem rowaçlyklarymyzyň gözbaşy bolan bu mukaddes ýol-ýörelgäniň bagtyýarlyk zamanamyzda has-da pajarlaýandygynyň şaýady bolmak örän guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bütin dünýäde adamzadyň iň gymmatly ynsanperwerlik ýörelgelerini — parahatçylyk, özara düşünişmek, dostluk, birek-birege hormat goýmak ýaly möhüm ugurlaryny dabaralandyrýar. Halkymyzyň bäş müň ýyllyk şöhratly taryhy Bitaraplygymyzyň kökleriniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden, türkmeniň milli ahlagyndan, geçmişine we geljegine bolan ynamyndan alyp gaýdýandygyny doly tassyklaýar. Pähimdar pederlerimiz hoşniýetli goňşuçylyk däplerini ileri tutup, ýakyn we alys ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary dowamly ösdüripdir. Açyk ýürekliligiň, raýdaşlygyň kämil edep-kadalaryny durmuşa ornaşdyran halkymyz ýüzýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýoly arkaly köp halklar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, ykdysady, syýasy we medeni sazlaşygyň deňsiz-taýsyz ulgamyny döredipdir. Şoňa baglylykda, eziz Diýarymyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan gününden bäri umumadamzat parahatçylygy üpjün etmek babatda ençeme başlangyçlary öňe sürdi. Bu gün Türkmenistanyň parahatçylyk ýörelgeleri bütin adamzadyň gymmatly baýlygy bolup, giň halkara jemgyýetçiliginde uly ähmiýete eýe bolan ýörelgä öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda, dünýä döwletleri bilen gatnaşyklarynda düýpli özgerişlikler bolup geçýär. Bu özgerişlikler ilkinji nobatda bu ugurda täzeçillik däplerine eýerýän işleri yzygiderli amala aşyrýandygy bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň esasynda Bitaraplyk syýasaty durýar. Dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýy we syýasaty goňşy we beýleki döwletler bilen deňhukukly esasda, hiç bir harby bileleşiklere goşulmazdan hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmaga we ösdürmäge giň mümkinçilik berýär. Türkmenistan şu mümkinçilikleri örän ýerlikli hem-de ählumumy peýdaly derejede ulanmagy başarýar. Muny hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatynyň ajaýyp netijeleri doly subut edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň iňňän çalt depginler bilen ösýändigi, döwletimiziň halkara abraýynyň barha belende galýandygy bilen alamatlanýar. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hereket etmegi halkara derejesinde örän ähmiýetli we möhüm syýasy wakadyr. Munuň özi Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşyçulyk we umumy bähbitler üçin konstruktiw hyzmatdaşlyk syýasatyny gyşarnyksyz durmuşa geçirýän ýurt hökmünde belent abraýynyň ykrar edilmegidir. Sebäbi Türkmenistan ägirt uly mümkinçiliklerini bütin adamzadyň hyzmatynda goýmaga çalşyp, sebitde abadançylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga anyk goşandyny goşýar. Şu jähetden ynsanperwer ugurlarda, ýagny ylym-bilim we medeniýet babatdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem uly üns berýär. Şeýle hem halkara gatnaşyklarynda kabul edilen syýasy hukuk mehanizmlerine we ýörelgelerine Türkmenistanyň hormat goýýandygy indi doly ykrar edilendir.

Beghan ANNASÄHEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.