Baky Bitaraplygymyza bagyşlanan sergi

10 Dekabr 2022
846

Baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli gözel Diýarymyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary bagtyýar raýatlarymyzyň kalbyna egsilmez joşgun, ruhubelentlik bagyşlaýar. Şeýle dabaralaryň biri hem welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergi zalynda guraldy. Ýaşajyk suratkeşleriň döreden eserleri esasynda guralan sergide baýramçylyk ruhy, milli buýsanç duýgusy şöhlelenýär. Şeýle hem, reňkli boýaglarda çeperçiligiň dürli ugurlary esasynda döredilen eserlerde hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne, gözel Diýarymyza, bereketli topragymyza söýgi duýgulary öz beýanyny tapýar. Suratlarda şekillendirilen pursatlarda, gürrüň berilýän wakalarda çagalar ajaýyp döwrümiziň çeper keşbini suratlandyrmagy başarypdyrlar. Şeýle hem Arkadagly Serdarymyzyň hoşniýetli daşary syýasatynyň, parahatçylyga we asudalyga esaslanýan milli Bitaraplyk taglymatynyň many-mazmuny çaga dünýägaraýşy bilen şöhlelendirilipdir.

Gurban GURBANOW,
«Daşoguz habarlary».
Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.