HABARLAR

Ekologiýa abadançylygy — bagtyýar ýaşaýşyň özeni

Ýurdumyzda ilatyň şu günki we geljekki sagdyn durmuşynyň hatyrasyna tebigatyň üýtgewsizligini gazanmak üçin onuň serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy ugrundaky ekologiýa çäreleri döwrüň talabyna laýyk ýola goýulýar. Täze gurulýan kärhanalar, durky täzelenýän desgalar daşky gurşawa, adamyň saglygyna zyýan ýetmeginiň öňüni almaga ukyply, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Taýýarlanýan azyk önümleri halkara hil we ekologiýa güwänamalaryna eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Hazaryň türkmen kenary

Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy aýawly gorap saklamak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýan ynsanperwer syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe işjeň häsiýetde durmuşa geçirilýän möhüm ähmiýetli işlere çelgi bolup durýar. Bu durmuş hakykaty Hazaryň ekologiýa maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň çözgüdinde hem möhüm orun eýeleýär. Olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň mynasyp paýy bar. Bu gullugyň hünärmenleri Balkan welaýatynyň Garabogaz şäheriniň demirgazygyndan Esenguly etrabyna çenli 700 kilometre golaý giňişlikde Hazar deňziniň türkmen bölegine, deňziň hanasyndan 2 kilometr aralykdaky toprak örtügine, şeýle hem atmosferanyň düzümine gözegçilik işlerini ýerine ýetirýärler. Hazar ekologiýa gözegçilik gullugy ekologiýa maglumatlary we meýilnamalar, tebigaty goramak kanunlarynyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän, tehniki howpsuzlyk, zähmeti goramak we üpjünçilik bölümlerinden, şeýle hem gidrohimiki we daşky gurşawyň gözegçilik barlaghanalaryndan ybarat bolup, bu ýerde 60-a golaý hünärmen yhlasly zähmet çekýär. Daşk

Ekologiýa abadançylygy üpjün edilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsanperwer maksatlary we ýol-ýörelgeleri özüne nusga edinen ýurdumyzyň ösen döwletleriň hataryna goşulmagy alnyp barylýan düýpli özgertmeler, gazanylýan netijeler, ösüşdir özgerişler, belent üstünlikler bilen berk baglanyşyklydyr. Milli ykdysadyýetimizde hil taýdan täze taslamalaryň, olary diwersifikasiýa hem-de innowasiýalaryň ýoly bilen alyp gitmegiň, döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Daşky gurşawy goramakda, durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek berkarar döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir. Ekologiýa çäreleri bu gün ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň täze şertine, tutuş halk hojalygynyň tebigatdan peýdalanmagyň täze nusgasyna geçmegi üçin binýada öwrülýär.

Ekologiýa abadançylygyna bagyşlanan maslahat

Düýn — 3-nji iýunda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli «Arkadagly, Gahryman Serdarly bagy-bossan Watanym» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň guramagynda geçirilen maslahat pikir alyşmalara we täsirli çykyşlara baý boldy. Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Azat Seýitbaýew TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň bölüm müdiriniň orunbasary Hydyr Myradow, , paýtagtymyzdaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy, Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzasy Tirkeş Annamyradow, Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň baş hünärmeni Ata Ataýew, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hyzmat ulgamynyň arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy Arzygül Durdyýewa we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Didar Geldiýew çykyş edip, ýurdumyzda alnyp barylýan tebigaty goramak, şeýle-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler barada gürrüň berdiler.

Ýaşaýşymyzyň ýaraşygy

Ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, şäherleriň we ilatly ýerleriň açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuşa ukyplylygyny hem-de ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şäherleriň durnukly ösüşi olarda ýaşaýan ilatyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi bilen aýrylmaz baglydyr. Şähergurluşyk işinde daşky gurşawyň ýagdaýynyň hasaba alynmagynda «Şähergurluşyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň möhüm ähmiýetlidigini aýratyn bellemek gerek. Agzalan Kanun ýurdumyzyň islendik özgertmelerinde ekologiýa kadalarynyň, ekologiýa taýdan amatly usullaryň, tejribäniň ornaşdyrylmagynyň kanunçylyk esasda üpjün edilýändiginiň nobatdaky mysalydyr. Kanunyň 4-nji  maddasyna laýyklykda, ýurdumyzda şähergurluşyk işi daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny hasaba almak bilen, öndüriji güýçleriň ýerleşdirilmegini, inženerçilik, ulag, durmuş infrastrukturasynyň emele getirilişini, çäk boýunça ilaty ýerleşdirmegiň taslamalaşdyrylmagyny we düzgünleşdirilmegini öz içine alýar. Türkmenistanyň tebigaty goramak kanunçylygyna laýyklykda, şäherleriň we beýleki ilatly nokatlaryň taslamalaşdyrylmagy, gurulmagy, durkunyň täzelenilmegi ekologiýa howpsuzlygynyň we daşky gurşawy gorap saklamagyň talaplaryny hasaba almak bilen,

Şäher we baglar

Bezeg baglarynyň şäher binagärçiliginde ähmiýeti örän uly bolup, gök ekinler şäheriň görküni baýlaşdyrmakda, şäheriň tebigatyny, seýilgähleriň we ekin zolaklarynyň arhitekturasyny döretmekde esasy orny eýeleýär. Şäherleriň we beýleki ýaşaýyş jaý toplumlarynyň mikroklimaty bezeg-baglarynyň ýetirýän täsirine baglydyr. Ýylyň dürli möwsümlerinde howanyň temperaturasy, düşýän ygalyň möçberi, topragyň we howanyň çyglylygy, Gün radiasiýasynyň kesgitleýji derejesi, ýel kadasy, howa basyşy — bularyň hemmesi belli bir ýeriň howa şertlerini kesgitleýär. Ösümlikler howanyň arassalanmagyna 20% täsir edip bilýär. Geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, ösümlikleriň howanyň temperaturasyna güýçli täsir edýändigi tassyklandy. Bagy-bossanly ýer bilen deňeşdireniňde, ýaşaýyş binalarynyň içindäki howanyň temperaturasy 10 — 12 gradusdan ýokarydyr. Tomusda gür saýaly agaçlaryň goýy kölegesi salkyn we ýakymlydyr. Agajyň kölegesinde radiasiýanyň derejesi açyk ýere garanyňda 35 gradus pesdir, gür baglykda bolsa, 40 gradusa ýetýär. Saýaly baglar jaýlaryň diwarlaryny we beton ýollary aşa gyzmakdan gorap saklaýarlar. Uly agaç bir günüň dowamynda 300 litre çenli suwy bugartmaga ukyplydyr. Şonuň netijesinde, baglar salkyn mikroklimatyň döremegine getirýär. Bu

Dünýä nusgalyk ýörelge

Geçen ýyllarda Türkmenistanyň we BMG-niň örän işjeň hem-de uly möçberli hyzmatdaşlygy hut daşky gurşawy goramak we energiýa babatynda has-da netijeli boldy. Şu döwürde BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Uly möçberli Ekologiýa gaznasy ýaly halkara düzümleri tarapyndan goldanylýan dürli maksatnamalaryň we taslamalaryň 30-dan gowragy üstünlikli ýerine ýetirildi, häzirki wagtda hem yzygiderli durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň ekologiýa syýasatynda häzirki zamanda adamzat jemgyýetiniň durnukly ösüşini daşky gurşawyň meselelerinden üzňe göz öňüne getirmegiň mümkin däldigi esasy öňe sürülýän ýörelgedir. Bu ýörelge islendik döwletiň we jemgyýetiň saglygynyň tebigy baýlyklardan peýdalanyp bilşine baglydygyny hem berk göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň bu ýörelgesi dünýä nusgalykdyr. Şoňa laýyklykda ýurt we dünýä ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Daşky gurşawyň baý biologiki we genetiki serişdelerini goramak hem-de dikeltmek, asyrlaryň dowamynda döredilen özboluşly ekologiýa ulgamlaryny — Garagumuň çöllük zolaklaryny, Hazaryň deňiz gurşawyny, Köpetdagyň dag gerişlerini, Amyderýanyň kenar ýakasyndaky çäkleri gorap saklamak boýunça ýörite milli strategiýa işlenilip taýýarlanyldy hem-de üstünlikl

5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

Geljegiň ygtybarly binýady Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň çäklerinde tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça uly işler amala aşyrylýar, olar bilen baglanyşykly möhüm wakalar bolup geçýär. Şonuň netijesinde ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde daşky gurşawyň gözelliginiň artdyrylmagy, onuň aýrylmaz bölegi bolan ýeriň, suwuň arassalygy, ösümlik, haýwanat dünýäsiniň baýlaşdyrylmagy gazanylýar.

5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

Ekologiýa abadançylygy — möhüm mesele Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny gorap saklamak babatynda döwlet ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Eziz Watanymyzyň tebigatyny has-da gözelleşdirmek, çölleşmä garşy göreşmek boýunça durmuşa geçirilýän işler aýratyn bellärliklidir.

Suw damjasy — altyn dänesi

Bereketiň çeşmesi Suwuň ýaşaýşyň gözbaşydygy hemmämize äşgär hakykat. Bu hakykat adamzadyňam, haýwanat we ösümlik dünýäsiniňem suwsuz ýaşaýşyny göz öňüne getirmegiň kyndygyny görkezýär. Gurak we yssy howa şertlerinde suwuň gadyr-gymmaty aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Şonuň üçinem ata-babalarymyz suwuň her bir damjasyny altyn dänesine deňäpdirler. “Suw hasylyň enesi” diýen düşünje bolsa akar suwuň bereket çeşmesidigini aňladýar. Bu aýdýanlarymyzyň hemmesi ýaşaýyş-durmuşymyzyň seresi bolan suwdan hemişe tygşytly peýdalanmagyň derwaýysdygyny ýatladýar.