Ekologiýa abadançylygy üpjün edilýär

4 Iýun 2024
1024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsanperwer maksatlary we ýol-ýörelgeleri özüne nusga edinen ýurdumyzyň ösen döwletleriň hataryna goşulmagy alnyp barylýan düýpli özgertmeler, gazanylýan netijeler, ösüşdir özgerişler, belent üstünlikler bilen berk baglanyşyklydyr. Milli ykdysadyýetimizde hil taýdan täze taslamalaryň, olary diwersifikasiýa hem-de innowasiýalaryň ýoly bilen alyp gitmegiň, döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň esasy şertleriniň biri bolup durýar.

Daşky gurşawy goramakda, durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek berkarar döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir. Ekologiýa çäreleri bu gün ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň täze şertine, tutuş halk hojalygynyň tebigatdan peýdalanmagyň täze nusgasyna geçmegi üçin binýada öwrülýär.

Aşyrdurdy ALLAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.