Hazaryň türkmen kenary

4 Iýun 2024
992

Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy aýawly gorap saklamak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýan ynsanperwer syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe işjeň häsiýetde durmuşa geçirilýän möhüm ähmiýetli işlere çelgi bolup durýar. Bu durmuş hakykaty Hazaryň ekologiýa maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň çözgüdinde hem möhüm orun eýeleýär. Olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň mynasyp paýy bar. Bu gullugyň hünärmenleri Balkan welaýatynyň Garabogaz şäheriniň demirgazygyndan Esenguly etrabyna çenli 700 kilometre golaý giňişlikde Hazar deňziniň türkmen bölegine, deňziň hanasyndan 2 kilometr aralykdaky toprak örtügine, şeýle hem atmosferanyň düzümine gözegçilik işlerini ýerine ýetirýärler. Hazar ekologiýa gözegçilik gullugy ekologiýa maglumatlary we meýilnamalar, tebigaty goramak kanunlarynyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän, tehniki howpsuzlyk, zähmeti goramak we üpjünçilik bölümlerinden, şeýle hem gidrohimiki we daşky gurşawyň gözegçilik barlaghanalaryndan ybarat bolup, bu ýerde 60-a golaý hünärmen yhlasly zähmet çekýär.

Daşky gurşawyň arassalygynyň sagdyn ýaşaýşyň özeni bolup durýandygy hemmelere mälim hakykat. Şonuň üçin tebigat bilen ynsan ömrüniň dowamlylygyny biri-birinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Daşky gurşawa ýetirilen sähelçe zeperiň ýaşaýşa nähili amatsyz täsir edýändigini seljermek kyn däl. Şu nukdaýnazardan, gullugymyzyň işgärleri özleriniň hyzmat edýän çäginde tebigata we ýaşaýşa zyýanly hadysalaryň öňüni almak, olara garşy göreşmek bilen bagly çäreleri geçirmekde yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Şol geçirilýän işlerde, ylmy-barlaglarda ekologiýa taýdan düzgün bozulmalara ýol berilmezlik esasy maksat bolup durýar.

Merjen DURDYMÄMMEDOWA,
Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň hünärmeni.