Daşky gurşawyň goragynda

22 Maý 2024
931

Ekologiýa bilimi we terbiýesi halkyň umumy derejesini şertlendirýär. Ýurdumyzda bilim edaralarynda ekologiýanyň esaslaryny we daşky gurşawy goramagy öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna «Ekologiýa we daşky gurşawy goramak» atly ýörite okuw dersi girizildi. Bu ugurda amala aşyrylýan beýik işler hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň baý ruhy dünýäsine düşünmek we tebigata bolan garaýşynyň köpasyrlyk tejribesini ulanmak üçin alyp barýan syýasaty bilen pugta baglydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ekologik taýdan arassa tehnologiýalary, «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Türkmenistan ekologiýa we howa meselelerine degişli möhüm halkara başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi. Olaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň goldaw bermeginde Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak baradaky teklip bar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan mundan beýläk-de şu mesele boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde işjeň dialogy ösdürmegi hem-de şu maksatlar esasynda Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralarydyr beýleki abraýly düzümleri bilen yzygiderli gatnaşyk etmegi göz öňünde tutýar.

Maýa GELDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.