Şäher we baglar

30 Maý 2024
968

Bezeg baglarynyň şäher binagärçiliginde ähmiýeti örän uly bolup, gök ekinler şäheriň görküni baýlaşdyrmakda, şäheriň tebigatyny, seýilgähleriň we ekin zolaklarynyň arhitekturasyny döretmekde esasy orny eýeleýär. Şäherleriň we beýleki ýaşaýyş jaý toplumlarynyň mikroklimaty bezeg-baglarynyň ýetirýän täsirine baglydyr.

Ýylyň dürli möwsümlerinde howanyň temperaturasy, düşýän ygalyň möçberi, topragyň we howanyň çyglylygy, Gün radiasiýasynyň kesgitleýji derejesi, ýel kadasy, howa basyşy — bularyň hemmesi belli bir ýeriň howa şertlerini kesgitleýär. Ösümlikler howanyň arassalanmagyna 20% täsir edip bilýär. Geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, ösümlikleriň howanyň temperaturasyna güýçli täsir edýändigi tassyklandy. Bagy-bossanly ýer bilen deňeşdireniňde, ýaşaýyş binalarynyň içindäki howanyň temperaturasy 10 — 12 gradusdan ýokarydyr. Tomusda gür saýaly agaçlaryň goýy kölegesi salkyn we ýakymlydyr. Agajyň kölegesinde radiasiýanyň derejesi açyk ýere garanyňda 35 gradus pesdir, gür baglykda bolsa, 40 gradusa ýetýär. Saýaly baglar jaýlaryň diwarlaryny we beton ýollary aşa gyzmakdan gorap saklaýarlar. Uly agaç bir günüň dowamynda 300 litre çenli suwy bugartmaga ukyplydyr. Şonuň netijesinde, baglar salkyn mikroklimatyň döremegine getirýär. Bu häsiýetler, esasan hem, ýasy ýaprakly dub, pawlowniýa, katalpa ýaly agaçlara degişlidir. Belli bolşy ýaly, agaçlar we gyrymsy agaçlar howadaky kömürturşy gazy özüne sorup, howanyň kislorod bilen baýlaşmagyna getirýär.

Amangül ESENMÄDOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy.