HABARLAR

Amatly ekologiýa gurşawy raýatlaryň abadançylygynyň möhüm şertidir

Milli Liderimiz ekologiýa çäresiniň çäklerinde welosipedli ýörişe gatnaşdy 11-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.

Abadançylygyň möhüm şerti

Häzirki wagtda dünýäniň ykdysady ösüşi, durmuş abadançylygy we daşky gurşawyň goragy adamlaryň arasynda aýrylmaz baglanyşygy emele getirdi. Bu sazlaşygy üpjün etmek döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň esasy bolup durýar. Bütin ýaşaýşymyzyň çeşmesi bolan daşky gurşawyň goraglylygyny ykdysady ösüşler we durmuş abadançylygy bilen bir bitewilikde üpjün etmek ekologiýa syýasatynyň esasy ugrudyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Ilatyň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek döwletiň we jemgyýetiň jana-jan bähbididir

Milli Liderimiz ekologiýa çäresiniň çäklerinde welosipedli ýörişe gatnaşdy Aşgabat, 11-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.

Ekologiýa abadançylygy

Häzirki wagtda dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselesi möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Adamzat durmuşy we halk hojalygy üçin iň wajyp tebigy baýlyklaryň biri-de suwdur. Şonuň üçin ähli suw serişdelerini goramak we rejeli peýdalanmak iň derwaýys meseledir. Dünýäniň ummanlary, deňizleri, derýalary, kölleri we dürli görnüşli ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi ýaşaýşyň gönezligidir. Suw serişdeleri döwletleriň, sebitleriň we tutuş dünýäniň howpsuzlygyna, ykdysady we durmuş ulgamynyň ösüşine täsir edýär. Türkmenistan Merkezi Aziýada umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň esasynda suw we suw-energetika meselelerine garalmagyny we olaryň oňyn çözülmegini öňe sürýär. Daşky gurşawy goramak, şol sanda suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak bilen bagly wezipeler Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr. Hormatly Prezidentimiz ýakynda Ahal welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Miwe» açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik işi we inžener-tehniki düzümleriniň desgalary bilen tanyşlygyň barşynda oba senagat toplumynda suwdan rejeli peýdalanmak we suw hojalyk ulgamynyň meselelerine ünsi çekmegi hem bu ugurdaky wezipeleriň yzygiderli häsiýete eýedigini görkezýär.

Arassa tebigat — bagtyýar durmuş

Ekologiýa — Ýaşaýşyň çeşmesi

Ýurdumyzyň beýik ösüşleri, ekologiýa abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy babatda ýadawsyz alada edýän hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gözel paýtagtymyz Aşgabatda amala aşyrylýan beýik işler bu günki gün uly üstünliklere beslenýär. Ak şäherimiz Aşgabat häzirki wagtda özüniň gür baglygy, täsin al-elwan gülleri bilen has meşhurdyr. Geçen şenbe we ýekşenbe günleri mähriban paýtagtymyzy iň owadan, ýakymly ysly ter güller bilen bezemek ugrunda paýtagtymyzyň ýyladyşhanalarynyň we bagçylyk müdirlikleriniň gülçi bagbanlary köçeleri, şaýollary, baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýerlerini biri-birinden owadan ter güller bilen bezemäge uly goşant goşdular. Şunuň netijesinde oturdylan müňlerçe düýp ter güller mähriban paýtagtymyzyň gözellik dünýäsine älemgoşar öwüşginlerini çaýdy. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň, şol sanda saglygy goraýyş edaralarynyň zähmetsöýer işgärleri, ýörite orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, şol sanda orta mekdepleriň mugallymlary, okuwçylary paýtagtymyzyň arassa, abadan we owadan bolmagyna yhlasly goşant goşdular.

Suw — ýaşaýşyň gözbaşy

Ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanýan suwdan rejeli peýdalanmak möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Tebigy baýlyklaryň arasynda suw gorlary özüniň ähmiýeti boýunça esasy orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyz suwuň ähmiýetiniň uludygy barada özüniň «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda: «Asyrlar boýy ýaşaýşyň, bolçulygyň gözbaşlarynyň biri hasaplanyp gelinýän mukaddes suw ähli janly tebigata jan berýär, ynsan durmuşyny gülledip özgerdýär, giň sähralarymyzy gülzarlyga, bereket mekanyna öwürýär. Şonuň üçin hem suwuň sarpasyny belent tutup gelen pederlerimiziň suw damjasyny altyn dänesine deňemegi türkmen halkynyň mukaddes suwa bolan garaýşyny aýdyň görkezýär» diýip belleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň hukuk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilip, döwrebap kanunlar hem-de kadalaşdyryjy hukuknamalar kabul edilýär. Olaryň hatarynda 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizilen Türkmenistanyň Suw kodeksini görkezmek bolýar. Bu kodeks ýuridiki we fiziki şahslaryň suw serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen suwlary durnukly hem rejeli peýdalanmak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Ekologiýa abadançylygy ugrunda

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzyň çar künjüni gurşap alýan, giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan şeýle işleriň netijesinde şäherdir obalarymyz has-da owadan keşbe gelýär. Ynsan hemişe gözellige teşne. Adam tebigata, gözelliklere söýgüsinden, ýaşaýşa bolan hyjuwyndan, ösüşlere ymtylyşyndan güýç alýar.

Aralýaka sebitde hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Golaýda oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Aral deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn gepleşik geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Aralýaka sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler we geljekki meýilnamalar barada pikir alşyldy. Köptaraplaýyn gepleşigiň çäklerinde halkara guramalaryň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Tebigaty goramak jemgyýetiniň, «Türkmensuwylmytaslama» institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Olarda, hususan-da, Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ähmiýeti, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça kanunçylygyň kämilleşdirilişi, Araly halas etmegiň halkara gaznasyna Türkmenistanyň başlyklyk eden döwründe ýerine ýetirilen işler, tebigaty goramak işlerine jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagy, şeýle-de suw diplomatiýasynyň esasy ugurlary dogrusynda pikir alyşmalara giň orun berildi.

Türkmen köli

Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan möhüm wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzda ýerler ýylyň bütin dowamynda taba getirilip, ýer böleklerinde ekin görnüşleri çalşyrylyp ekilip, aralyk ekinleri ekmegiň we ideg etmegiň talaplary doly berjaý edilip, eýeçilik gözi bilen çemeleşilýär. Munuň özi ýerleriň tapdan çykmagynyň, şorlaşmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bir akabasy ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň çäginden gözbaş alyp gaýdýan, bir akabasy Lebap, Mary, Ahal welaýatlarynyň çäklerinden geçýän «Altyn asyr» Türkmen köli ýerleri tapdan çykarýan şorlaşmalaryň öňüni almakda wajyp orun eýeleýär. Agzalyp geçilen şor suw akabalary arkaly ýurdumyzyň tutuş çäginden diýen ýaly toplanylyp akdyrylýan şor suwlar Garaşor çöketligine, bu ýerde gurlan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurlup ulanylmaga berlen birinji tapgyryna gelýänçä hem ýaramsyz duzlardan ep-esli derejede saplanýar. «Altyn asyr» Türkmen kölüne toplanmagy bilen bolsa, onuň düzümi has-da arassalanylyp, ondan guş-gumrular, düýelerdir çekene mallar suwlanýarlar. Ady agzalan kölüň gurulmagy we oňa toplanan şor suwlaryň düzüminiň arassalanmagy bilen, sebitiň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna hem oňaýly täsir edýän howa gurşawy, gatlaklary emele gelýär.