«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ekologiýa abadançylygyna, howanyň arassalygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Esasan hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda tebigatymyzyň gözelligine gözellik goşmak hem-de aýawly çemeleşmek ýaly ýörelgelere eýerilýär. Bu babatda dürli dabaralaryň, çäreleriň geçirilmegi hem möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle çäreleriň hatarynda welosipedli ýörişleri aýratyn bellemegimiz gerek. Çünki welosiped tebigata zyýan ýetirmeýän ulag hasaplanylýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda welosipedli ýörişler yzygider geçirilip durulýar. Munuň özi tebigatyň arassalygyna, ynsan saglygyna, sagdyn durmuş ýörelgelerine oňat täsir edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli raýatlarynda, ilkinji nobatda ösüp gelýän ýaş nesilde tebigata, ekologik gurşawa aýawly çemeleşmek netijesinde ekologiýa medeniýetini döretmek hem-de kemala getirmek, kämilleşdirmek, tebigata, onuň gymmatly baýlyklaryna söýgini terbiýelemek işleri yzygiderli dowam etdirilýär. Möhüm ekologiýa meselelerini çözmek halkyň saglygyny goramak, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin zerur hasaplanýar. Şeýlelikde, ekologiýa abadançylygy ýurdy gülledip ösdürmegiň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagy hem-de täze ekologik garaýyşlaryň kemala gelmegi, şeýle hem daşky gurşawyň ýagdaýyna jemgyýetiň jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy üçin yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin çäreler öňde goýlan maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.