Suw — ýaşaýşyň gözbaşy

6 Maý 2021
1961

Ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanýan suwdan rejeli peýdalanmak möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Tebigy baýlyklaryň arasynda suw gorlary özüniň ähmiýeti boýunça esasy orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyz suwuň ähmiýetiniň uludygy barada özüniň «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda: «Asyrlar boýy ýaşaýşyň, bolçulygyň gözbaşlarynyň biri hasaplanyp gelinýän mukaddes suw ähli janly tebigata jan berýär, ynsan durmuşyny gülledip özgerdýär, giň sähralarymyzy gülzarlyga, bereket mekanyna öwürýär. Şonuň üçin hem suwuň sarpasyny belent tutup gelen pederlerimiziň suw damjasyny altyn dänesine deňemegi türkmen halkynyň mukaddes suwa bolan garaýşyny aýdyň görkezýär» diýip belleýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň hukuk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilip, döwrebap kanunlar hem-de kadalaşdyryjy hukuknamalar kabul edilýär. Olaryň hatarynda 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizilen Türkmenistanyň Suw kodeksini görkezmek bolýar. Bu kodeks ýuridiki we fiziki şahslaryň suw serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen suwlary durnukly hem rejeli peýdalanmak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.