«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzyň çar künjüni gurşap alýan, giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan şeýle işleriň netijesinde şäherdir obalarymyz has-da owadan keşbe gelýär.
Ynsan hemişe gözellige teşne. Adam tebigata, gözelliklere söýgüsinden, ýaşaýşa bolan hyjuwyndan, ösüşlere ymtylyşyndan güýç alýar.