Ekologiýa barada bilimiň ähmiýeti

27 Aprel 2021
2496

Durnukly ösüşi we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň wajyp şertleriniň biri ilatyň ekologik bilim we medeniýet derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar. Ekologik bilimiň we terbiýäniň esasy maksady şahsyýetiň we jemgyýetiň ekologik medeniýetini, aňyny we düşünjesini emele getirmek hem-de ynsanyň ýaşamagyny we ösmegini üpjün edýän tebigat bilen adamyň özara gatnaşygynyň tejribesini ösdürmekdir. Bularyň bary adamlaryň sagdyn ýaşaýyş ýörelgesini, durnukly durmuş-ykdysady ösüşini, Türkmenistanyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge ýardam eder.

Ekologik bilim — bu adamlaryň özüni alyp barmagynyň ahlak kadalaryny emele getirmäge gönükdirilen, şahsyýetiň üznüksiz terbiýe, okuw, we ösüş ýagdaýydyr. Ekologik bilim — ekologik düşünjeleri, ukyplary we endikleri öwretmek üçin maksatly guralýan, meýilnamaly we ulgamlaýyn amala aşyrylýan işdir. Bu işleri netijeli alyp barmak we ekologik bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmek üçin ekologik taýdan sowatly hünärmen mugallymlary taýýarlamak, okuw-usulyýet binýadyny güýçlendirmek zerur bolup durýar. Ýurdumyzda bu ugur boýunça alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär, ýagny ekologik bilim we terbiýe meselesine üns berýänleriň sany artýar, okuw dersleriniň ekologiýalaşdyrylmagy bilen bir hatarda, ýöriteleşdirilen ekologiýa dersleri girizilýär, ekologiýa, daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak çygrynda işleýänleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýän usulyýet binýadynyň mazmuny hil taýdan kämilleşdirilýär.

Daýançmyrat PÖTDIÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýetwe dolandyryş institutynyň mugallymy.