HABARLAR

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 19-njy awgustda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22°, gündizine +34... +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 19-njy awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22°, gündizine +34... +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Çil käkilik

Guşlaryň täsin gözelligi gadymy döwürlerden bäri adamlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Dünýäniň köp halklarynyň milli döredijiliginde we ruhy garaýyşlarynda guşlar wajyp orny eýeläpdir. Tebigatda we adamyň ýaşaýşynda-da guşlaryň ähmiýeti uludyr. Olar ösümlikleriň güllerini tozanlandyrýarlar, tohumlaryny ýaýradýarlar. Ösümlikleriň köpelmegine, ýaýramagyna sebäp bolýarlar. Şeýle guşlaryň biri-de çil käkilikdir. Çil käkilik Köpetdagda, şeýle hem Köýtendagyň hemme ýerinde duşýar. Ol maral käkilikden kiçi, bedeneden ulurakdyr. Reňki çalymtyl — «çöl reňkli» bolup, horazynyň arkasy çyparrak gülgünedir. Çil käkilikler beýleki käkiliklerden kiçidigi, aýaklarynyň, çüňküniň agymtyllygy, bokurdagynda ak tegmiliň ýokdugy bilen tapawutlanýar.

Howa maglumaty

Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň Gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa ba­ra­da­ky gul­­­lu­gy­nyň şu gün — 18-nji awgustda ýur­du­myz­da bolmagyna garaşylýan ho­wa­nyň ýag­da­ýy ba­ra­da ber­ýän mag­lu­ma­ty Aş­ga­bat­da: az-kem bu­lut­ly ho­wa bo­lup, de­mir­ga­zyk-gün­do­gar­dan tiz­li­gi se­kunt­da 8 — 11 met­re ýet­ýän şe­mal öw­ser. Ho­wa gi­je­si­ne +21... +23°, gün­di­zi­ne +34... +36° ma­ýyl bo­lar. Ho­wa­nyň ba­sy­şy 733 mm, çyg­ly­ly­gy 10 — 30 %.

Köpetdag kyssalary

(Soňy. Başlangyjy gazetiň 190, 191, 195, 205, 208-nji sanlarynda). Ýoldaky perler

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 17-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24°, gündizine +34... +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Sähramyz bar sähralardan zyýada

Gadymy Jeýhunyň kenarlaryna ýanaşyk ýerleşýän Garagum we Gyzylgum sähralary türkmen halkynyň bahasyz baýlygydyr. Olar özboluşly tebigaty, özüne mahsus baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle-de gurak, yssy howa şertleri bilen beýleki ulgamlardan tapawutlanýar. Biz bular barada Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylym bölüminiň başlygy Ahmetjan Sadykow bilen söhbetdeş bolduk. — Söhbedimizi goraghananyň çägindäki sähra ösümlikleri baradaky gürrüňden başlaýalyň!

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 17-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24°, gündizine +34... +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Ýaşaýşyň özeni

Daglaryň belent gerşine çykyp ýa-da uzak menzillere uçup barýan uçaryň üstünden zemini synlanyňda, dünýäniň şeýle bir giňdigine hem geňdigine şaýat bolýarsyň. Ýer togalagynyň üçden iki bölegini çyrpynyp ýatan ummanlar, deňizdir derýalar, umuman, ümmülmez suw giňişligi tutýar. Aslynda, tebigat ozalyndan hemme zady juda sazlaşykly ýaradypdyr. Hemme zadyň düzüminde suw bar. Adam bedeniniň hem 65 göterimini suw tutýar. Suw bu ýaşaýşyň iň bir möhüm serişdesi hasaplanylýar. Adamlaryň aglabasy derýa-deňizleriň kenarynda dynç almakdan, güýçli akýan derýalaryň tolkunyny synlamakdan lezzet alýar.

Ýaşyl daraklyk

Ýaşyl daraklyk Çökgarlak şekilliler toparynyň daraklyklar maşgalasyna degişli guşdur. Ýylyň gelşine baglylykda aprel aýynyň ortalaryna ýa-da maýyň başlarynda Afrikadan we Aziýanyň günorta böleginden uçup gelýärler. Jübütleri aýan bolandan soň, ilatly ýerlere ýakynrak akabalaryň, derýalaryň gyralaryndaky kertlerde, kä ýerlerde tekizliklerde uzyn çüňkleri bilen topragy keseligine köwüp, penjeleri bilen bolsa topragy daşary çykarýarlar. Olar 1 metr çemesi uzynlykda hin gazýarlar, mäkiýany bolsa ýumurtga basyrar ýaly hininiň aňry gyrasyny giňişräk edýärler. Guşlaryň käbirleri geçen ýylky hinleriniň içlerini arassalap, şol ýerde köpelýärler. Mäkiýany 6-8 sany ýumurtga guzlandan soň, basyp ýatýar. 20-21 günden tüýsüz etene jüýjeleri çykyp başlaýar. Olary mäkiýany horazy bilen bilelikde iýmitlendirýärler. Ýaşyl daraklyklar yssy howada uçmagy halaýarlar. Gowaçalaryň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň üstünden ýapyrylyp uçup, mör-möjekleri uzyn çüňkleri bilen tutýarlar. Soňra birdenem ýokary galyp, howada gaýyp, iýmitini ýuwudýar. Olaryň köpüsi ýakyndaky elektrik geçirijileriň simlerine, ösümlikleriň guran şahalaryna, käwagtlar ýere gonup, mör-möjekleriň uçýan ugurlaryny kesgitleýär. Uçup barýan oljasynyň yzyndan ýokary tizlikde ýetip, inçe çüňk